Berdimuhamedow italiýaly kärdeşi bilen telefonda gürleşip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmen prezidenti ýene bir gezek ýarag ulanmak ussatlygyny görkezeninden bir gün soň, ýurduň esasy ýarag üpjünçileriniň biri bolan Italiýanyň prezidenti bilen iki ýurduň arasyndakyhyzmatdaşlygy giňeltmegiň maslahatyny etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň prezidenti Serjio Mattarella bilen telefonda gürleşdi diýip, TDH 3-nji awgustda habar berdi. Bu söhbetdeşliň ýurduň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň ýedi aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisiniň yz ýanyndan geçirildi.
Türkmenistanyň prezidenti Italiýa 2019-njy ýylyň noýabrynda eden saparyny ýatlap, Rimde geçirilen gepleşikleriň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga “kuwwatly itergi berendigini” aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy, italiýaly hyzmatdaşlar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, geçen ýyl Italiýa Türkmenistanyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi; ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzir Italiýa türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýär diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Italiýa soňky ýyllarda Türkmenistany iň döwrebap ýaraglarlar bilen üpjün edýän we hyzmatdaşlygy gizlin saklamagy başarýan ýurtlaryň birine öwrülene meňzeýär.
Derňew maglumatlaryny taýýarlaýan "Bellingcat" açyk-derňew saýty geçen ýylyň başynda Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.
Neşir Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna salgylanyp, 2007 – 2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Bileleşikden 340 million ýewrolyk ýarag satyn alandygyny habar berdi.
Bu ýaraglaryň 76 prosentiniň, ýagny 257 million ýewrolyk ýaragyň Italiýadan satyn alnandygyny aýdyp, neşir Italiýanyň Türkmenistanyň iň esasy ýarag üpjünçisine öwrülendigini belleýär.
“Köp ýurt eksport edýän ýaraglarynyň nämelerden ybaratdygy barada Ýewropa Bileleşigine hasabat berýär, ýöne Italiýa hasabat bermeýär” diýip, "Bellingcat" ýazdy.