Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda Konstitusiýany üýtgetmek işleri dowam etdirilýär

Türkmenistanda ýurduň Baş kanunyna täze üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrundaky işler dowam etdirilýär.


Mejlisiň başlygy 4-nji sentýabrda Halk maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berip, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanunyň taslamasynyň üstünde işlenýändigini aýtdy.


Gülşat Mämmedowanyň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, “gelip gowşan teklipleriň ählisine iş toparynyň mejlislerinde jikme-jik seredilýär”.


Türkmenistanyň prezidenti we Konstitusiýa komissiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy awgustda "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek" baradaky karara gol çekip, Baş kanuny üýtgetmek boýunça geçen ýylyň sentýabrynda başlanan işi soňlady.


Berdimuhamedow tarapyndan ozal ýatyrylan we soň täzeden dikeldilen Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçiriljek mejlisinde tassyklanmaly üýtgetmelere görä, ýurtda iki öýli parlament dörediler. Halk Maslahaty kanun çykaryjy organ bolup, Mejlis bu ygtyýarlygyny ýitirer.


Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen aktiwistleri  30-njy awgustda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde, soňra Waşingtonda we Nýu-Ýorkda onlarça adamyň gatnaşmagynda protest geçirip, ýurduň Baş kanunynyň “awtomatiki usulda” üýtgedilmegine, öz sözleri bilen aýdylanda, Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň has-da berkidilmegine nägilelik bildirdiler.


Aktiwistler türkmen hökümetiniň konstitusiýany üýtgetmek kararynyň Türkmenistandaky syýasy-ykdysady krizis, korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, işsizlik ýaly agyr sosial problemalaryň agyrlaşan pursadynda geçirilýändigini belleýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *