Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda “UZ Auto” we koreý awtoulaglaryny sürmek çäklendirilýär

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri “UZ Auto” kompaniýasy we Günorta Koreýanyň awtoulag şereketleri tarapyndan öndürilen käbir awtoulaglary sürmegi çäklendirdiler.


Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysynyň aýtmagyna görä, şu günler welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri bu awtoulaglary saklap, olary "jerime duralgalaryna" alyp gidýärler.




“Bu ulaglaryň arasynda “UZ Auto” kompaniýasyna degişli, şeýle-de “Matiz”, “Lanos”, “Nexia” we “Damas” ýaly koreý awtoulaglary bar. Polisiýa işgärleri olaryň eýelerine hiç hili düşündiriş bermeýärler. Olar diňe “ýokardan berlen tabşyryk” diýmek bilen çäklenýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji sentýabrda gürüň berdi.


Awtoulag eýeleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, mundan beýläk bu ulaglary sürmäge rugsat berilmeýändigi barada öňünden duýduryş hem berilmändir.


“Häzir ulaglary jerime duralgasyna salyp goýdular. Näme boljagy belli däl. Sebäbi olaryň eýelerine anyk zat aýtmaýarlar. Haýsydyr bir sebäbe görä, jerime-de töletmeýärler. Sürüjiler jerime töländen soň, ulaglary gaýtadan sürüp boljakmy – bu hem näbelli. Eger bu maşynlary sürmek doly gadagan edilse, onda olaryň eýelerine kompensasiýa berilermi ýa-da berilmez – bu hem belli däl” diýip, habarçy aýtdy.


Habarçy “UZ Auto” we Günorta Koreýanyň kompaniýalary tarapyndan öndürilen awtoulaglar hem nyrhy, hem-de sarp edýän ýangyç mukdary boýunça örän tygşytly bolandygy sebäpli lebaplylaryň arasynda giňden ulanylýandygyny hem belledi.


“Häzir Türkmenabatda hususy eýeçilikde “UZ Auto” we Günorta Koreýanyň kompaniýalary tarapyndan öndürilen 1000-den gowrak awtoulag bardyr” diýip, habarçy aýtdy.


Onuň sözlerine görä, Lebabyň häkimiýetleri ulaglaryň "jerime duralgalaryna" akidilmegi barada resmi ýa-da dilden düşündiriş bermese-de, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgäri munuň sebäplerini bu kysymly awtoulaglarda ýol heläkçilikleriniň köp bolýandygy bilen düşündirýär.




Azatlyk Radiosynyň bu barada Lebap welaýat häkimliginden we polisiýa bölüminden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.


Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň we döwlet işgärleriniň hususy awtoulagyna degişli näresmi, köplenç dilden berlen görkezme esasynda girizilýän çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň ençemesini girizdi.


Olaryň arasynda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň diňe ak, çal ýa-da açyk reňklerde bolmalydygy, il içinde “owadan nomerler” diýlip atlandyrylýan, öňi 77-lik bilen başlanýan awtoulag belgileriniň döwlet tarapyndan ýygnalyp alynmagy, könelişen ulaglaryň duralgalarda goýulmagyna gadagançylyk girizilmegi ýaly çäklendirmeler bar.


Maýyň ahyrynda Lebapdaky habarçylarymyzyň biri welaýatyň ýol polisiýasynyň dürli reňkdäki ulaglar bilen bir hatarda, tigirleri gara diskli ak awtoulaglary hem "awlaýandygyny” habar berdi.


Türkmenistanda raýatlaryň şahsy awtoulaglaryna degişli çäklendirmeler indi ençeme ýyl bäri dowam edýän bolsa-da, türkmen häkimiýetleri bu barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Bu barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *