Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus oppozisiýasy Prezidiumyň ýene bir agzasynyň tussag edilendigini aýdýar

Belarus oppozisiýasynyň öňdebaryjy guramaçylyk toparynyň azatlykdaky soňky bir agzasynyň kärdeşleri Maksim Znak bilen aragatnaşygyň ýitendigini, şeýle-de onuň tussag edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.


Bu baradaky aladalar dawaly saýlawlardan bäri bir aýlap geçirilýän köpçülikleýin protestleriň arasynda soňky döwür prezident Aleksandr Lukaşenka ygrarly güýçleriň adam ogurlamaga çalym edýän, şeýle-de ýurtdan zor bilen çykarmak çärelerini güýçlendiren pursadyna gabat geldi.


Znakyň egindeşleriniň Tub.by habar neşirine 9-njy sentýabrda aýtmagyna görä, ol planlaşdyrylan söhbetdeşlik üçin ylalaşylan wagty Internet arkaly aragatnaşyga çykmandyr.


Haçanda onuň mobil telefonyna jaň edilende, ol gyssagarada “Kimdir biri bu ýere geldi” diýip, telefonyny taşlapdyr. Mundan soň, onuň telefon belgisinden “Maskalar” diýen sms geldi we soňy bilen onuň bilen aragatnaşyk doly ýitdi.


7-nji sentýabrda Utgaşdyryjy geňeşiň prezidiumynyň ýene bir agzasy Mariýa Kolesnikowa Minskiň köçesinde maskaly adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdy.


Munuň ertesi güni, ol we oppozisiýanyň ýene iki guramaçysy aýdyňlaşdyrylmadyk ýagdaýda belarus-ukrain serhedine peýda boldy. Maglumata görä, Kolesnikowa deportasiýa edilmeginiň öňüni aljak bolup, öz pasportyny ýyrtypdyr.


Belarus resmileri ilki Kolesnikowanyň tussag astyna alnandygyny ret etseler-de, soňy bilen onuň saklanandygyny boýun aldylar.


Utgaşdyryjy geňeş Lukaşenkanyň 9-njy awgustdaky saýlawlarda sesleriň galplaşdyrylmagy bilen nobatdaky gezek prezidentlige saýlanandygyny aýdyp, ýurtda parahatçylyk ýagdaýda häkimiýet çalşygyna çagyrýarlar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *