Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Koronawirus 11-nji sentýabra planlaşdyrylan çäreleri üýtgetdi

Birleşen Ştatlar 11-nji sentýabrda 11-nji sentýabrda bolup geçen terror hüjüminiň 19 ýyllygyny koronawirus sebäpli üýtgedilen hatyra çäreleri bilen bellär.


Prezident Donald Tramp we onuň demokrat bäsdeşi Jo Baýden ikisi bir wagtyň özünde bolmasa-da, Pensilwaniýadaky 93-nji reýs milli ýadygärligine baryp, wepat bolanlaryň hatyrasyny tutar.


Nýu-Ýorkda koronawirusyň öňüni alyş çäreleri babatdaky dürli pikirler hatyra çäreleriniň aýry-aýrylykda geçirilmegine sebäp bolýar.


11-nji sentýabr Milli ýadygärligi we Muzeý wepat bolanlaryň garyndaşlarynyň merhumlaryň atlaryny sesli okamak däbini ýatyrdy. Muňa derek Bütindünýä söwda merkeziniň ýerleşen ýerine gelen adamlara ses ýazgysy hödürlener.


Başga bir 11-nji sentýabr topary, Stiwen Silleriň “Diňler ötügi” gaznasy bir şol bir wagtyň özünde ugurdaş ýatlama çäresini guraýar.


Wise-prezident Maýk Pens bu çäreleriň ikisine hem gatnaşmagy planlaşdyrýar. Baýden hem Pensilwaniýa gitmezden ozal Nýu-Ýorkdaky esasy dabara gatnaşar.


11-nji sentýabr hüjüminde 3000 töweregi adam öldi, olaryň köpüsi Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä söwda merkeziniň iki diňi ýykylanda wepat boldy.


Bu ABŞ topragynda bolup geçen iň ganly terror hüjümi boldy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystana, soňra bolsa Yraga goşun salmagyna alyp geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *