Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Minskde aýallaryň protest ýörişine gatnaşyjylar tussag edildi

Minskde aýal-gyzlaryň Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynda ses berişligiň galplaşdyrylmagyna garşy we ozal tussag edilen aktiwistleri goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşan onlarça adam tussag edildi.


Çärä gatnaşyjylar şäher merkezindäki Erkinlik meýdanyna ýygnandylar. Olaryň käbiri ellerinde polisiýanyň zorlugynyň pidasy bolanlaryň suratlaryny saklap durdy.


Olar ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi sütünler düzülip, el çarpmaga başladylar. Polisiýa bu çärä ygtyýar berilmändigini duýdurdy. Bu aksiýa başlanandan kän wagt geçmänkä tussag etmeler başlandy. Aýallar tussag edilen aktiwistleriň awtoulaglara  alnyp barylýan ýoluny beklemäge synanyşdylar.


Bu aksiýa başlanandan 20 minut soň Erkinlik meýdançasynda ýekeje-de protestçi galmady. Şeýle-de bolsa, tiz wagtdan bu ýerde täze aýallar sütüni peýda boldy. Demonstrasiýa gatnaşyjylar Nemiga tarap ýöriş etdiler. Olaryň köpüsiniň elinde pitiler we saçlar bardy.


Gözi bilen görenler “Belsat” teleýaýlymynyň žurnalistleriniň tussag edilendigini habar berdiler. Olar wakanyň bolýan ýerinden göni telemaglumat taýýarlaýardylar.


Şu gün birinji we iň ýokary liga, şeýle-de ýurduň ýygyndy komandasyna degişli bolan belarus futbolçylarynyň 93 sanysynyň demonstrantlara garşy zorlugy ýazgarýan wideo ýazga düşendigi mälim boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *