Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Şweýsariýa, Özbegistan Gülnara Karimowanyň elinden alnan pullary yzyna gaýtarmak barada ylalaşdylar

Şweýsariýa we Özbegistan merhum prezident Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň oňa garşy gozgalan jenaýat işi sebäpli ele salnan 130 million dollary Daşkende bermek barada ylalaşdylar.


Şweýsariýanyň hökümeti 11-nji sentýabrda hökmany däl çarçuwaly şertnama laýyklykda yzyna gaýtarylan emläkleriň "Özbegistan halkynyň peýdasyna ulanyljakdygyny" aýtdy.


Beýanatda aýdylyşyna görä, aç-açanlyk we gözegçilik mehanizminiň döredilmegi puluň gaýtarylyp berilmegi üçin talaplarynyň biridir.


Karimowa garşy jenaýat işi sebäpli 2012-nji ýylda Şweýsariýa onuň hasaplaryndaky 800 million şweýsar frankyny ýagny 880 million amerikan dollaryny doňdurdy, şolardan 131 million dollar 2019-njy ýylda konfiskasiýa edildi.


Galan serişdeler doňdurylyp saklanýar we beýannamada çarçuwaly şertnamanyň dowam edýän jenaýat işinde konfiskasiýa edilen beýleki emläkleri hem öz içine aljakdygy nygtaldy.


Maý aýynyň başynda özbek hökümeti Daşkendiň Karimowa tarapyndan bikanun eýelenen 10 million dollarlyk emläkleriň Fransiýadan alandygyny aýtdy.


Daşkent, 2017-nji ýylda Karimowanyň tussag edilendigini yglan edeninden bäri daşary ýurtlardan 1 milliard dollardan gowrak pul sorady.


Bir wagtlar Yslam Karimowyň mirasdüşeri bolup biläýjek Gulnara Karimowa, kakasy dirikä ýurdy dolandyrýan döwründe 2014-nji ýylda Daşkentde öý tussaglygynda saklandy. Karimow 2016-njy ýylda aradan çykdy we gysga wagtyň içinde Şawkat Mirziýaýew onuň ornuna geçdi.


Şweýsariýada, ABŞ-da, Şwesiýada we Gollandiýada geçirilen jenaýat derňewleri Karimowanyň ençeme ýyllap korrupsion shemalar bilen bagly bolandygynyň üstüni açdy.


2017-nji ýylyň dekabrynda Karimowa 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne bu karar öý tussaglygyna çalşyryldy we bäş ýyla çenli gysgaldyldy. Ol öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy üçin 2019-njy ýylyň mart aýynda türmä basyldy.


Fewral aýynda Karimowa Mirziýaýewe hat ýazyp, özüne garşy gozgalan kazyýet işiniň ýatyrylmagyny ýa-da çalyşmagyny sorap, muňa derek ýurduň gaznasyna 686 million dollar gaýtaryp bermegi teklip etdi. Emma bir aý geçensoň, Gülnara Karimowa ogurlykda, pul ýuwmakda we beýleki jenaýatlarda günäli tapylandan soň, goşmaça 13 ýyl we dört aý azatlykdan mahrum edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *