TASS: Belarus Orsýetden alýan täze karzynyň 330 million dollaryny “Gazproma” geçirier
Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanowa salgylanyp, 20-nji sentýabrda habar berdi.
Russiýa ýylyň ahyryna çenli Belarusa 1,5 milliard dollarlyk karzyň ilkinji 1 milliard dollaryny iberer we karzyň galan bölegini 2021-nji ýylda üpjün eder.
Bu karz Belarusa we onuň döwlet kompaniýalaryna bergi-borçlaryny ýerine ýetirmeklerinde we öňki Sowet ýurdunda maliýe durnuklylygyny doldamakda kömek bolar diýip, Siluanow şu hepdäniň başynda aýtdy.
Bu karz barada 14-nji sentýabrda, rus prezidenti Wladimir Putiniň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenka bilen geçiren duşuşygy mahalynda ylalaşyldy.