Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ÝB-niň Daşary işler ministrleri Tihanouskaýa bilen duşuşýar, Lukaşenka garşy sanksiýa seredýär

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanouskaýa bilen duşuşyp, Belarusyň onlarça resmisine, belki-de prezident Aleksandr Lukaşenka-da, saýlawdan soňky protestlere garşy hyýanatçylykly hereketler we awtoritar lideriň ýeňiş gazanmagyna sebäp bolan saýlaw galplyklary bilen baglylykda sanksiýalary girizmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.


9-njy awgustda, Lukaşenka oppozisiýa we günbatar ýurtlary tarapyndan galp hasaplanýan prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri Belarusy köpçülikleýin nägilelikler sarsdyrdy.


ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell 21-nji sentýabrda Tihanouskaýa bilen bolan duşuşykdan soň "belarus halkynyň, esasanam hakyky liderlik duýgusyny görkezýän belarus zenanlarynyň edermenligi we erjelligi meni haýran galdyrdy" diýdi.


Şeýle-de Borrell, Belarusyň we onuň ýarany Orsýetiň Ýewropanyň belarus wakalaryna gatyşmagy baradaky aýyplamalaryny ret etdi we "muny içerki işlere gatyşmak diýip hasaplap bolmaz, sebäbi demokratiýa we adam hukuklary Ýewropa Bileleşiginiň aýratynlygynyň özenidir" diýip belledi.


Brýusseldäki ýygnak Belarusda polisiýanyň Lukaşenka garşy geçirilýän köpçülikleýin ýörişlerde şenbe güni ýüzlerçe demonstranty tussag edeninden bir gün soň boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *