Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belaruslar ýene Lukaşenka garşy protest bildirýärler

Belaruslar ýene köçelere proteste çykdylar, olar bir aýdan gowrak ozal bolan prezident saýlawynda ýeňiş gazanandygyny aýdan Aleksandr Lukaşenka garşy nägileliklerini bildirýärler.


27-nji sentýabrdaky protestler 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenkanyň 23-nji sentýabrda gizlin inagurasiýa geçirip, ÝB agzalarynyň we ABŞ-nyň onuň kanunylygyny ykrar etmeýändikleri barada beýannama çap etmeklerine sebäp bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Paýtagt Minskdäki demonstrantlar daşary ýurda çykmaga mejbur bolan oppozisiýa kandidaty Swetlana Tihanowskaýany goldap, "halkyň inagurasiýasyny" geçirmegi planlaşdyrýardy. Häzirki wagtda Litwada bolýan Tihanowskaýa saýlawda özüniň ýeňiş gazanandygyny aýdýar.


Tihanouskaýa 27-nji sentýabrda belaruslary “täze, dogruçyl saýlawlary we netijede resmi, kanuny kasam kabul ediş dabarasyny geçirmek maksadyndaky” demonstrasiýa çagyrdy.


Belarusyň başga ýerlerinde, şol sanda Mogilewde, Hrodnada we Lidada hem ýygnanyşyklar geçirildi.


Belarusda ýüzlerçe müň adam ýedi hepde bäri köçelere çykyp, Lukaşenkany işinden aýrylmaga we täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy.


Lukaşenka parahatçylykly protestleri müňlerçe adamy tussag etmek, urup-ýençmek, daşary ýurtly žurnalistleri ýurtdan kowmak bilen basyp ýatyrmaga çalyşýar.


Ol 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň galplaşdyrylandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.


Şu aralykda, gepleşiklere ýardam bermek we häkimiýetiň parahatçylykly geçirilmegi üçin döredilen utgaşdyryş geňeşiň agzalarynyň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *