ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo türkmenistanlylary Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistana sebitdäki durnuklylygy, howpsuzlygy we özara abadançylygy ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde baha berýär diýip, beýanatda aýdylýar.
Halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasynyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtynda, biz Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldamaga berk ygrarly bolmagymyzda galýarys diýip, ABŞ resmisi aýdýar.
Şeýle-de ol ABŞ-nyň gelýän ýyllarda ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikler, C5 + 1 diplomatik platformasy we ykdysady, bilim, adamlar arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokarlandyrylmagyna garaşýandygyny aýdýar.