Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany bir milliona golaýlaýar

Dünýäde COVID-19-dan ölenleriň sany bir milliona ýetdi. Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda dörän wirus dünýäde 33 million adam ýokaşdy we ýurtlary sosial, ykdysady we syýasy ulgamlaryna çäklendirmeleri girizmäge mejbur etdi.


Aladaly dinamika, Ispaniýada, Fransiýada we Angliýada dowam etdi we gündelik görkezijiler rekord derejesine ýetdi ýa-da şoňa ýakynlaşdy. Saglyk bilermenleri ýakyn birnäçe aýyň içinde ýagdaýyň hasam erbetleşjekdigini çaklaýarlar.


"Ikinji tolkun, pikir edişimizden has ir geler" -diýip, Fransiýanyň Milli lukmanlar assosiasiýasynyň başlygy Patrik Bouet Fransiýanyň hepdelik  "Journal du Dimanche" neşrine aýtdy.


Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi çäklendiriji çäreleri täzeden girizýärler. Ispaniýanyň paýtagtynyň iň agyr ýagdaýly ýerlerinde berk çäklendirmeler girizilýär, Fransiýanyň dürli künjeklerinde restoranlaryň we barlaryň işleýän wagty azaldylýar, saglyk protokollary täzelenýär.


Orsýetde bir günde 7 523 COVID-19 keselli adam hasaba alyndy. Şeýle statistika soňky gezek 22-nji iýunda bolupdy. Ýurtda ýokanç keselleriň umumy sany 1 143 571 adama ýetdi, ýokaşanlaryň sany boýunça Orsýet dünýäde dördünji orunda durýar. Şol bir wagtyň özünde ýurtda 20 müň töweregi ölüm hasaba alyndy, bu ölenleriň sanyny sanamagyň takyklygy barada sorag döretdi.


Eýranyň prezidenti Hasan Rohani, zerur bolsa ýokançlygyň çalt ösmeginiň öňüni almak üçin berk izolýasiýa düzgünini girizmegi tabşyrdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *