Päkistanyň sudy Daniel Pearlyň maşgalasynyň şikaýatyny diňlär
Pakistanyň ýokary sudy 2002-nji ýylda öldürilen "Wall Street Journal" neşriniň žurnalisti Daniel Pearlyň maşgalasynyň ony öldürmekde günäkärlenýäniň aklanmagyna garşy eden şikaýatyna garamagy planlaşdyrýar.
Aprel aýynda aşaky sud Pearlyň rehimsiz öldürilmegine sebäpkär Britaniýada doglan pakistanly Ahmed Omar Said Şeýhiň ölüm jezasyna höküm edilmek kararyny ýatyrypdy.
Sindh welaýatynyň Ýokary kazyýeti, adam gaçakçylygynda aýyplanýan Şeýhi 7 ýyl azatlykdan mahrum etmegi karar etdi, Waşington bu karary "terrorçylygyň pidalaryny äsgermezlik" diýip häsiýetlendirdi.
Şeýh bilen bilelikde Pearlyň alnyp gaçylmagyna we öldürilmegine dahyllylykda aýyplanýan beýleki üç adam, Pakistanyň hökümeti hökümiň dikeldilmegini sorap Ýokary Kazyýete ýüz tutýança tussaglykda saklandy.
28-nji sentýabrda geçiriljek diňlenişigiň öňüsyrasynda Pearlyň maşgalasy Şeýhiň boşadylmagynyň dünýädäki söweşijileri höweslendirjekdigini aýtdy.
38 ýaşly Pearl, "Wall Street Journal" gazetiniň Günorta Aziýa býurosynyň başlygydy, 2002-nji ýylda Karaçi şäherinde yslamçy söweşijiler hakda hekaýa ýazyp ýörkä alnyp gaçyldy we kellesi kesildi.