ABŞ kazysy rus hakeri Nikulini ýedi ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi
Kärdeşleri tarapyndan rus haker dünýäsiniň “Putini” atlandyrylýan Ýewgeniý Nikulin LinkedIn, DropBox we beýleki Internet kompaniýalaryny döwmekde günäli tapylandan soň, ýedi ýyldan gowrak möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.
Höküm 29-njy sentýabrda ABŞ-nyň San Fransisko federal kazyýetiniň kazysy tarapyndan çykaryldy.
Courthousenews.com saýtyna görä, kazy William Alsup Nikuline: “Meniň pikirimçe siz zehinli ýigit. Örän zehinli” diýdi.
“Men sizi özgeleriň kompýuterlerini döwmäge derek, öz zehiniňizi kanuny işlere gönükdirip, özüňiz üçin gowy zatlary etmäge çagyrýaryn” diýip, kazy aýtdy.
Kazy 88 aýlyk hökümiň Nikuliniň suda garaşyp, gözenegiň aňyrsynda geçiren dört ýylyny, koronawirus pandemiýasynyň täsirini, dil kynçylyklaryny we kazyýet ulgamynyň oňa nätanyşlygyny hasaba goşandygyny aýtdy.
Şeýle-de, kazy Nikuliniň Russiýada 10 ýaşly gyzynyň bardygyny hem-de onuň ejesiniň saglyk ýagdaýynyň ony ýene görmäge rugsat bermezliginiň mümkindigini aýtdy.
Nikuliniň aklawçysy Waleriý Neçaý onuň ejesiniň soňky ýyllarda dört gezek oňurgadan operasiýa, üç gezek insult geçirendigini aýtdy.
Nikuliniň höküm edilmegi bilen onuň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Çehiýada duýdansyz ýagdaýda tussag edilmeginden soň başlanan tas dört ýyllyk proses tamamlandy.