Lebapda awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy gizlin taksileriň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi
"Darganata-Türkmenabat, Gazojak-Türkmenabat arasyndaky döwlet awtobus gatnawlary noýabr aýynyň ahyryna çenli togtadyldy. Häzirki wagtda bu awtobuslar pagta çykýan ýygymçylary gatnadýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 30-njy sentýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, karantin çäreleri sebäpli öňden hem çäkli bolan awtobus gatnawlarynyň deregine başga hiç hili jemgyýetçilik transporty ýola goýulmady. Bu bolsa agzalýan aralyk boýunça gizlin işleýän hususy taksileriň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi.
"Awgust aýynda hususy taksiler agzalýan aralyk üçin adam başyna 70 manat ýol kireý alýardy. Häzir olaryň bahasy 180-200 manada ýetdi" diýip, habarçy belledi.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan hususy taksi sürüjileri bu gymmatlamanyň sebäplerini ýurtda karantin çäreleri sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk bilen düşündirýärler.
"Biziň kireý etmegimize resmi derejede rugsat berilmeýändigi sebäpli köçede duran polisiýa işgärlerine para bermeli bolýarys. Şeýle-de, bir aýlyk başlany bäri polisiýanyň gözegçiligi has-da güýçlendi. Olar has köp para talap edýärler. Şol sebäpli kireý edýän pulumyzyň uly bölegini olara para hökmünde bermeli bolýarys" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan taksi sürüjileriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Üstesine-de, ol serhetleriň çäklendirilen düzgünde işleýändigi sebäpli ulag şaýlarynyň bahalarynyň hem soňky aýlarda 100-120% gymmatlandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalary bilen baglylykda mart aýynyň ahyryndan başlap welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň arasyndaky ulaglaryň, otlularyň we awtobuslaryň hereketini çäklendirdiler. Munuň yzýany ýurtda gizlin ýolagçy daşaýan hususy taksiler peýda bolupdy.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaplylar awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň, şeýle-de hereket çäklendirmeleriniň iň köp ýönekeý raýatlara oňaýsyz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.
"Döwlet awtobuslarynda 400 kilometrden gowrak aralyga 40 manat kireý töleýärdik. Häzir 200 manat tölemeli bolýarys. Bu dürli sebäpler üçin beýleki sebitlere sapar etjek raýatlara gaty agram salýar" diýip, lebaply zenan anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Türkmenabat şäher we Gazojak hem-de Darganata etrap häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.
Lebapda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 9-njy sentýabrda girişilen bolsa-da, Azatlygyň habarçylary welaýatyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna baryp 18-nji awgustda çekilip başlanandygyny habar berdiler.
Türkmenistanda döwlet awtobuslarynyň ýygymçylary pagta meýdanlaryna gatnatmak işine çekilýändigi, şol sebäpli jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň ýatyrylýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda hem habar beripdiler.
Türkmen häkimiyetleri döwlet mediasy arkaly ýurtdaky ulag pudagynyň ösüşine uly ähmiýetiň berilýändigini dowamly tekrarlaýarlar. Munuň bilen bir wagtda, ýurduň dürli künjeklerinden adamlaryň gatnaw meselesinde uly kynçylyklary çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.