Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Freedom House: Pandemiýa bütin dünýäde demokratiýa krizisini çuňlaşdyrýar

Hökümetleriň saýlawlary bökdemegine, tankytçylary we metbugaty basyp ýatyrmagyna şert döredip, adam hukuklaryny goramak we saglyk hyzmatlaryny elýeterli etmek üçin zerur bolan jogapkärçiliklerini peseldip, COVID-19 pandemiýasy demokratiýa krizisini çuňlaşdyrdy diýip, Azatlyk öýi guramasynyň 2-nji oktýabrda çap eden hasabatynda aýdylýar. 


Pandemiýa başlaly bäri geçen wagt içinde dünýäniň 80 ýurdunda demokratiýa we adam hukuklary ýagdaýy erbetleşdi diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän we dünýä boýunça demokratiýa gözegçilik edýän Azatlyk öýi guramasynyň GQR gözleg firmasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan “Petikleniş asyndaky demokratiýa” ady bilen çap eden hasabatynda bellenýär.


Hasabatda pikir soralan hünärmenler kynçylykly ýa-da çytraşýan demokratiýalarda we aşa repressiw döwletlerde demokratiýa çökgünliginiň has ýiti duýlandygyny aýtdylar. 


Şeýle-de hasabatda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmagyň pandemiýa döwründe ozalam çetleşdirilen jemgyýetlere juda agyr derejede täsir edendigi aýdylýar. 


Soraga gatnaşanlaryň 60 göteriminden gowragy pandemiýanyň gözegçilik edilýän ýurtlardaky syýasy hukuklara we raýat azatlyklaryna ýetirýän täsiriniň ýakyn üç-bäş ýyl üçin esasan negatiw bolmagyna garaşýandyklaryny aýtdy. 


Bilermenler COVID-19 pandemiýasy döwründe dört sany ýiti meseläni ýüze çykardylar: hökümetiň aç-açanlygynyň we koronawirus barada maglumatyň bolmazlygy, korrupsiýa, ejiz ilat üçin goraglylygyň ýeterlik bolmazlygy we hökümetleriň  ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmaklary.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *