Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp COVID-19 ýokuşmasyndan bäri ilkinji köpçülik çäresini geçirip, wirusyň “ýok bolýandygyny” aýtdy

Prezident Donald Tramp Ak tamda öz tarapdarlaryna saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, koronawirus ýokuşaly bäri ilkinji köpçülik çäresini geçirdi.


Tramp 10-njy oktýabrda Ak tamyň balkonyna çykyp, esasan ispan we afro-amerikan tarapdarlaryndan ybarat bolan ýüzlerçe adam bilen söhbetdeş boldy. 


Maska geýmedik we saýlaw kampaniýasy üçin taýýarlanan sözüni gysgaldyp sözlän prezident demokrat bäsdeşi Jo Baýdeni tankytlap, hukuk goraýjy edaralary we öz administrasiýanyň gazananlaryny taryp etdi.


Onuň goldawçylary maskalydy, ýöne olar köplenç sosial aralyk düzgünlerini saklamady.


Şeýle-de Tramp, özüne we Ak tamyň ondan gowrak resmisine ýokuşan wirusyň ýurt boýunça ýaýrawynyň iki ýa bäri ýokary bolmagyna garamazdan,  pandemiýanyň “ýok bolýandygyny” aýtdy. 


Täze wirusdan 213,000-den gowrak amerikaly öldi.  "Biz güýçli bejeriş we derman öndürýäris, hassalary bejerýäris we gutuljak bolýarys, sanjym bolsa, bilşiňiz ýaly, gaty gysga wagtda, örän çalt taýyn ediler" diýip, Tramp aýtdy.


 Prezident saýlawdan birnäçe hepde öň meşhurlygyny ýokarlandyryp, 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawda pikir soramalarynda on dereje öňe saýlanan Baýdenden üstün çykmak isleýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *