Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lukaşenka ýurtdaky bulagaýlyk döwründe gözegçiligi güýçlendirýän mahaly, Belarusyň içeri işler ministri täzelendi

Lukaşenka ýurtdaky bulagaýlyk döwründe gözegçiligi güýçlendirýän mahaly, Belarusyň içeri işler ministri täzelendi

Belarusyň içeri işler ministri Ýuriý Karaýew howpsuzlyk güýçleriniň, Alýaksandr Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren saýlaw netijelerine garşylyk bildirip, ençeme hepde bäri köçelere çykýan demonstrantlara garşy söweş ýaraglaryny ulanyp biljekdigi barada aç-açan eden çykyşyndan bir gün soň wezipesinden boşadyldy.

29-njy oktýabrda döwlet metbugaty Karaýewiň ýerine Minsk şäher polisiýa bölümine ýolbaşçylyk eden Iwan Kubrakowyň wezipä bellenendigini habar berdi.

Karaýew günbatar Hrodna sebitinde prezidentiň kömekçisi wezipesine geçirildi . Şol bir wagtda, içeri işler ministriniň orunbasary Alýaksandr Barsukow Minskde we belarus KGB-siniň öňki başlygy Waler Wakulçyk günbatar Brest sebitinde prezidentiň kömekçisi wezipelerine bellenildi.

Bu tolgunma we Lukaşenka ýakyn beýleki adamlaryň ýokary howpsuzlyk wezipelerine bellenilmegi, lideriň tutuş ýurt boýunça, hususan-da, protestleriň merkezi we polisiýanyň iň gazaply basyşlarynyň amala aşyrylan ýeri bolan paýtagtda howpsuzlyk boýunça gözegçiligi hasam güýçlendirýändigini görkezýär.

Karaýew protestçileriň basylyp ýatyrylmagyndaky roly üçin eýýäm Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna sezewar edilendir.

Ýerli metbugat Lukaşenkanyň sözlerine salgylanyp, kömekçileriň jogapkärçiliginiň has-da giňeldiljekdigini we olaryň "wezipesiniň kadrlary saýlamak we olaryň işlerine gözegçilik etmekden" ybaratdygyny aýtdy.

Belarus 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri günde diyen yaly protestlere şaýatlyk edýär. 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka bu saýlawda ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär.

Lukaşenka protestlere repressiýa bilen gaýtawul berdi. Munuň netijesinde 10 müňden gowrak adam tussag edilip, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan parahatçylykly demonstrantlaryň gynalandygy we ýenjilendigi barada ynama laýyk aýyplamalar hakda habar berildi. Protestleri beýan edýän metbugat habarçylaryna hem hüjüm edildi.

Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi, şol sanda  Swýatlana Tihanowskaýa ýurtdan gaçmaga mejbur boldy ýa-da tussag edildi. Tihanowskaýanyň tarapdarlary 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde onuň ýeňiji bolandygyny aýdýarlar. Tihanowskaýa ozüne we maşgalasyna abanýan howplar sebäpli ses berişlikden birnäçe gün soň Belarusdan Litwa gitdi.

28-nji oktýabrda Karaýew howpsuzlyk güýçleriniň “sabotaž ýa-da terror hüjümlerini amala aşyran” diýip häsiýetlendiren adamlara, protestçilere garşy söweş oklaryny ulanyp biljekdigini aýtdy.

Karaýewiň bu haýbatyndan bir gün öň, Lukaşenka oppozisiýa tarapyndan yglan edilen iş taşlaýyşy “guramaçylykly jenaýat toparlarynyň hereketi” diýip häsiýetlendirdi.

Lukaşenka öz häkimiýetine garşy geçirilýän parahatçylykly protestleri göz öňünde tutup, ýurduň “terrorist hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyny” öňe sürdi.

Günbatar hökümetleri oppozisiýa goldaw bildirdiler. Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdiler.

ÝB protestçileri we oppozisiýany repressiýa etmekdäki öňe sürülýän rollary üçin Belarusyň 40 resmisiniň aktiwleriniň doňdurylandygyny hem-de olara garşy wiza gadagançylygynyň girizilendigini yglan etdi. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Основные события Кинешмы в программе «Неделя»

Портос и его женщины. Главная роль и личная жизнь Валентина Смирнитского

Москвич застрял пенисом в цементе, когда делал его скульптуру

Полностью выгоревший автокран в Москве попал на видео

Музыкальные новости

Яндекс, А.С. Пушкин, Святой Ленин ведут следствие. Настоящая сенсация!

В ПРЕДДВЕРИИ ДНЯ РОССИИ РОСГВАРДЕЙЦЫ ПРОВЕЛИ ПРАЗДНИЧНОЕ МЕРОПРИЯТИЕ ДЛЯ ДЕТЕЙ

Вирусолог Вострухов: опасные клещи-мутанты из Европы могут появиться в России

«Солнечная Азбука» в особом семейном центре «Семь-Я»

Новости России

Рынок доставки продуктов вырос на 55%

Анатолий Цой признался, зачем ему телешоу

«ДУМАЮТ, В МЕНЯ ВЛОЖЕНЫ СПОНСОРСКИЕ ДЕНЬГИ» ЛЮСЯ ЧЕБОТИНА РАСКРЫЛА, ЧЕЙ ОНА ПРОЕКТ

Куплю, обмен старые Швейцарские франки, бумажные Английские фунты стерлингов и другие

Экология в России и мире

Адские цены на Сочи и Анапу заставили российских туристов найти новые пути экономии

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

Пошив костюма по индивидуальным размерам

Спорт в России и мире

Зверев сыграет с Алькарасом в финале "Ролан Гаррос"

Испанец Алькарас выиграл Открытый чемпионат Франции по теннису

Ига Свентек в четвертый раз выиграла Открытый чемпионат Франции по теннису

Экс первая ракетка мира Виландер оценил шансы Паолини на победу в финале «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

«Автодор» – к концу 2025 года скоростными дорогами госкомпании будет охвачена половина населения России

Любимый внедорожник россиян стал еще доступнее: известна цена

Уникальный интерактивный проект Ставропольской психиатрической больницы на выставке-форуме «Россия»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *