Kosowoyň öňki prezidenti uruş jenaýaty aýyplamalary sebäpli Gaagadaky tussaghanada saklanýar
Kosowonyň öňki prezidenti Haşim Taçi uruş jenaýat sudunyň bildiren aýyplamasyndan soň işinden çekilmeginiň yzýany Gollandiýadaky tussaghana geçirildi.
1990-njy ýyllarda Serbiýadan garaşsyz bolmak ugrundaky söweşde partizanlaryň lideri bolan Taçi we Kosowony azat ediş goşunynyň (UCK) öňki iki agzasy "Gaagadaky Kosowo boýunça bilermenler öýüniň" tussaghanalaryna geçirildi diýlip, suduň 5-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda aýdyldy.
1998-1999-njy ýyllardaky söweşde Kosowony azat ediş goşunynyň serkerdesi bolan Taçi, Kosowo boýunça bilermenler öýüniň bildiren uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýat aýyplamalaryny tassyklamagyndan bir gün öň işinden çekildi.
Ol şonda “Kosowo Respublikasynyň prezidentiniň açyklygyny, Kosowo döwletiniň bütewüligini, Kosowo raýatlarynyň, Kosowonyň halkynyň bitewiligini we mertebesini goramak hem halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga hormat goýmak üçin" işinden aýrylandygyny aýtdy.
Mejlisiň başlygy Wjosa Osmani prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek işini wagtlaýyn öz üstüne alandan soň eden wideo çykyşynda Kosowonyň "güýçli ýolbaşçylyga we döwletiň bitewi reaksiýasyna" mätäçdigini aýtdy.