ABŞ Türkmenistandaky gadymy golýazmalary rejelemek üçin maliýe berýär
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Bu barada 5-nji noýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan wideo-maslahatyň dowamynda yglan edildi.
TDH-nyň maglumatyna görä, bölünip berilýän serişdeler orta asyr golýazma we köne neşir kitaplaryny rejelemek boýunça taslamany maliýeleşdirmäge hem-de surat nusgalaryny aýap saklamak üçin maglumatlar toruny döretmäge gönükdirilendir. Dört ýylyň içinde 80 sany golýazma, köne neşir kitaplarynyň abatlanylmagy hem-de aýalyp saklanylmagy meýilleşdirilýär.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, bu işler üçin Birleşen Ştatlar 43 müň 470 dollar berýär.