Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarusda geçirilen protestlere 1000-den gowrak adam tussag edildi

Alyaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we üç aý ozal çekeleşikli geçirilen ses berişlikden soň täze prezident saýlawyny talap edýän protestleriň 13-nji ýekşenbesinde Belarusda hökümete garşy 1000-den gowrak demonstrant tussag edildi.


"Wýasna" atky adam hukuklary topary 8-nji noýabrda jemi 1024 adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilendigini habar berdi.


Tuha-tutluklaryň köpüsi paýtagt Minskde bolup geçdi, şol ýerde birnäçe müň adam demokratiýa marşy diýlip atlandyral çärä gatnaşdy.


Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlaryň şäher häkimliginiň golaýyna ýygnanmagynyň, birnäçe köçäni petiklemeginiň we şäheriň merkezindäki ýerleri gabamagynyň öňüni aldy.


Irden Minskde internet girmek mümkinçiligi çäklendirilipdi we şäher merkezindäki birnäçe metro bekedi ýörişden bir sagat öň "ýolagçylaryň howpsuzlygyny" bahanalap, ýapyldy.


Protest ýörişleri we tussag edilmeler Homel, Witebsk, Žlobin we beýleki şäherlerde-de geçirildi.


Tutulanlaryň arasynda azyndan altysy žurnalistlerdi.


"Wýasna" tussag edilenleriň käbiriniň soň boşadylandygyny aýtdy.


26 ýyllap Belarusy dolandyran Lukaşenka, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri tas günde protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


Oppozisiýanyň saýlawlaryň netijelerini galp diýip yglan etdi we Günbatar netijeleri kabul etmekden ýüz öwürdi.


Häkimiýetler Lukaşenkany sesleriň ýeňijisi diýip yglan edeninden bäri müňlerçe adam tussag edildi. Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *