Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň häkimiýetleri arassaçylygy güýçlendirip, Aşgabatdan iberiljek komissiýanyň gelmegine taýýarlanýar

Marynyň häkimiýetleri arassaçylygy güýçlendirip, Aşgabatdan iberiljek komissiýanyň gelmegine taýýarlanýar

Mary welaýatynyň býujet işgärleri Aşgabatdan iberiljek ýörite barlag komissiýasyny garşy almaga taýýarlanýarlar. Bu taýýarlygyň çäginde Mary şäherinde arassaçylyk işleri güýçlendirildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji noýabrda Marydan habar berdiler.

"Dynç günleri ähli pudaklaryň ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagyndaky komissiýanyň Aşgabatdan Mara gelmegine garaşylýar. Bu barada her edarada ýygnak geçirilip, býujet işgärlerine komissiýanyň 70 adamdan ybarat boljakdygy duýdurylypdyr" diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olara komissiýanyň şenbe we ýekşenbe günleri edara-karhanalary aýlanyp görjekdigi aýdylypdyr. Şeýle-de, onuň ilki bilen arassaçylygy, soňra-da işgärleriň karantin döwrüne taýýarlyk derejesini barlajakdygy hem mälim edilipdir.

"Şol sebäpden dynç günleri ähli býujet işgärleriniň irden sagat 6:30-dan giçlik 8-e çenli öz iş ýerlerinde bolmalydygy aýdyldy. Edara başlyklary bu komissiýanyň ýerinde oturmadyk işgärleri işinden çykaryp biljekdigini hem duýdurdylar" diýip, efirde adynyň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, komissiýa gelýändigi sebäpli ähli edaralarda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Edaralaryň gapysynda iki adamdan ybarat nobatçylar goýuldy.

Marynyň bazarynda işleýän bir telekeçiniň habarçymyza aýtmagyna görä, dynç günleri ähli bazarlaryň, egin-eşik satylýan dükanlaryň we tikinçilik atelýeleriniň ýapyk bolmalydygy barada-da eýýäm tabşyryk berildi.

Azatlygyň maryly ýene bir habarçysy ýörite komissiýa görülýän taýýarlyklaryň çäginde Marynyň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň şäherde arassaçylyk işlerini güýçlendirendigini habar berýär.

Mary şäher häkimliginiň talabyna laýyklykda, olara ýollarda, köçelerde we ýanýodalarda üýşüp duran suwuň, ýapragyň ýa-da beýleki zir-zibilleriň bolmaly däldigi berk tabşyrylypdyr. 

"Şu gün Mary welaýatynda ýagyş ýagdy. Ähli arassaçylyk işçileri ýolda, ýol gyrasynda üýşüp duran suwlary aýyrmaly boldular. Olar irden sagat 6-da işe çykyp, ýagşyň aşagynda, kellelerine paket geýip, uzak gün arassaçylyk işlerini geçirdiler. Şeýle-de, olar ýodajyklaryň guran baglaryny aýryp, deregine täze arça oturtdylar" diýip, habarçy aýtdy.

Jemagat hojalygy müdirliginiň arassaçylyk işçileriniň habarçymyza aýtmagyna görä, häkimligiň resmileri aýlanan mahaly, köçede ýaprak ýatan ýa-da suw üýşüp duran bolsa, onda olara jerime tölediljekdigi barada-da duýduryş berlipdir.

Azatlyk Radiosy komissiýanyň näme sebäpden iberilýändigi we oňa nähili zerurlygyň bolandygyny anyklap bilmedi. Bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden hem kommentariý alyp bolmady.

Ýöne bu barlaglar ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleriniň COVID-19 bilen bagly girizen çäklendirmelerini has-da güýçlendiren mahalyna gabat geldi. Bu çäklendirmeleriň çäginde ýurtda maska geýmek talaby gitdigiçe pugtalandyrylýar. Şeýle-de, içerki gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Galyberse-de, bu Aşgabatdan Mara ýörite komissiýanyň iberilýändigi barada soňky iki aýdan hem az wagtyň dowamynda gelip gowşan ikinji habardyr. 26-njy sentýabrda Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň döwlet edaralarynda Aşgabatdan iberilen ýörite komissiýanyň agzalarynyň barlag we derňew işlerini geçirýändiklerini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri sebitlere iberilýän komissiýa we olaryň geçirýän barlaglary hem-de netijeleri barada aç-açan maglumat bermeýärler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Уровень безопасности дорожного движения повысили на участке Калужского шоссе в ТиНАО

Минтруд подсчитал число неофициально работающих россиян

Порядка 20 процентов от нормы осадков выпало в Москве ночью 10 июня

Схииеромонах Вит умер в Забайкалье

Музыкальные новости

"Евро-Футбол.Ру": "Спартак" летом хочет приобрести вингера

«Газпром-Медиа Холдинг» при поддержке ПАО «Газпром» организует мультиформатный фестиваль в честь Дня России  

Глава СК Бастрыкин пообещал защитить гаишника Гусева от диаспоры и МВД Новосибирска

В ПРЕДДВЕРИИ ДНЯ РОССИИ РОСГВАРДЕЙЦЫ ПРОВЕЛИ ПРАЗДНИЧНОЕ МЕРОПРИЯТИЕ ДЛЯ ДЕТЕЙ

Новости России

Жителей Зюзина приглашают на кинопоказ 12 июня

Порядка 80 юных и взрослых яхтсменов соревновались в Бердском заливе

Призовой фонд красноярской велогонки составил 337 000 рублей

Стала известна программа фестиваля «СтарТуй»

Экология в России и мире

Показания к применению калийсберегающих диуретиков. Эплеренон, антагонисты альдостерона, осмотические диуретики

«В девять лет я уже был очень любвеобильным». Актер Михаил Богдасаров вспомнил детство в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3  

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове

Пошив костюма по индивидуальным размерам

Спорт в России и мире

Свёнтек сравнялась с Шараповой по победам на турнирах Большого шлема

Испанец Алькарас выиграл у Зверева и стал победителем Roland Garros

Зверев и Рууд не пожали друг другу руки после полуфинала «Ролан Гаррос» – из-за проблем с желудком у норвежца

Калинская поддержала Синнера после поражения на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P

В продаже появился пикап, имя которого пришлось менять специально для России

Вечерело...

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *