Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Müňlerçe adam belarus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup öldürilendigi habar berilýän ‘gahrymanyň’ ýasyny tutýar

12-nji noýabrda elleri gül desseli müňlerçe adam maskaly belarus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup öldürilendigi habar berilýän 31 ýaşly 'gahrymany' hatyralamak üçin Minskde ýygnandy.


Şaýatlar 11-nji noýabrda raýat eşikli adamlaryň Raman Bandarenkany skwerde bolan ýakalaşykdan soň alyp gaçandyklaryny aýdýarlar. Olar skwere oppozisiýanyň awtoritar Alýaksandr Lukaşenka garşy protest hereketleriniň nyşanyna öwrülen ak-gyrmyzy lentalary aýyrmak üçin barypdyrlar.


Içeri işler ministrligi “näbelli adamlaryň” ýakalaşandygyny, polisiýanyň wakanyň bolan ýerine baryp, ýaraly Bandarenkony hassahana äkitmek üçin tiz kömek çagyrandygyny aýtdy.


Şaýat ol ýerde tiz kömegiň ýokdugyny, oňa derek, maskaly adamlaryň howpsuzlyk güýçleriniňkä meňzeş minibusda birnäçe adamy alyp gidendigini aýtdy.


Bir sagat töweregi wagt soň, Bandarenko, habar berilmegine görä, kellesine ýeten agyr şikes bilen tiz kömek hassahanasyna kabul edildi we ol ýerde wepat boldy.


Özüne we maşgalasyna atylan haýbatlardan soň ýurdy terk eden oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa Banderankany gahryman atlandyrdy.


“Ol erkinlik isleýän aktiw belarusly bolany üçin režim terrorynyň we adamkärçiliksizliginiň pidasy boldy” diýip, Tihanowskaýa aýtdy.


“Raman Bandarenkonyň ölümine şok boldum” diýip, Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus Twitterde aýtdy. “Geň galdyryjy bihaýalyk, wagşyçylyk we adamlaryň özgerişe bolan hyjuwlarynyň garşysynda režimiň gödek nadanlygy” diýip, ol aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *