Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

RSF: Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň öldürilmegi bilen baglanyşykly aç-açan derňew geçirilmeli

“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Ilýas Daýiniň Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda öldürilmegi bilen baglanyşykly aç-açan derňew geçirmäge çagyrdy.


33 ýaşly Ilýas Daýi awtoulagyna dakylan magnit bombanyň ýarylmagy netijesinde, 12-nji noýabrda öldürildi.


“Bu haýran galdyryjy çäre jezasyz galmaly däldir we gaýtalanmaly däldir”  diýip, guramanyň Eýran-Owganystan bölüminiň başlygy Reza Moini 14-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.


“Bu nyşana alnan partlamanyň jogapkärlerini kesgitlemek we jezalandyrmak üçin doly, aç-açan derňewi geçirmek gerek” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.


Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. “Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabiullah Mujahid söweşiji toparyň "waka" gatnaşygynyň bardygyny ne inkär etdi, ne-de tassyklady.


Daýi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Azadi radiosy” diýlip tanalýan Erkin Owganystan radiosy üçin işleýärdi.


Ýakynda Daýi Human Rights Watch (HRW) guramasyna beren maglumatynda özüne “Talybanyň” harby operasiýalary barada habar bermegi bes etmegini duýdurýan köp sanly ölüm haýbatlarynyň gelip gowuşýandygyny aýdypdy.


Owgan hökümeti, Birleşen Milletler Guramasy we beýlekiler žurnalistiň öldürilmegini uruşdan ejir çekýän ýurtda metbugat azatlygyna edilen hüjüm diýip ýazgardylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *