Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ak tam COVID-19 sanjymynyň ýylyň ahyrynda taýýar, aprelde giňden elýeterli boljakdygyny aýdýar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp koronawirus sanjymlarynyň aprel aýyna çenli giňden elýeterli boljakdygyny yglan etdi. Bu waka ABŞ-da täze ýokançlyklaryň we hassahana ýerleşdirilýänleriň sany rekord derejä ýeten hem-de birnäçe ştatyň has berk koronawirus çäklendirmelerini göz öňünde tutýan mahalyna gabat geldi.


13-nji noýabrda Tramp öz administrasiýasynyň koronawirus sanjymlaryny we bejergisini çalt ösdürmek ugrundaky tagallalary barada maglumat berdi.


ABŞ-nyň “Pfizer” derman kärhanasynyň şu hepde beren maglumatyna görä, sanjymyň Üçünji tapgyr synagy onuň 90 göterimden gowrak täsirlidigini görkezdi. Bu sanjym Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanýar.


Şol bir wagtda, ABŞ-nyň “Moderna” biotehniki firmasynyň hem potensial sanjym barada öňümizdäki hepde şuňa meňzeş umytly habary bermegine garaşylýar.


Şeýle-de Tramp “Pfizer” kärhanasynyň sanjymy üçin gyssagly ulanyş ygtyýarnamasyna “örän gysga wagtda” garaşýandygyny hem aýtdy.


ABŞ resmisi Monsef Slaoui (Moncef Slaoui) ýylyň ahyryna çenli Birleşen Ştatlarda tassyklanan iki sany koronawirus sanjymynyň bolup biljekdigini we öňümizdäki aýda ýokary derejeli saglyk işgärlerine hem-de ejiz ilata 20 million dozanyň paýlanyp biljekdigini aýtdy.


Ol şondan soň her aý 25-30 million adamda immunitet döredip boljakdygyny hem belledi.


Şu hepdäniň başynda ABŞ-nyň ýokanç keselleri boýunça ýokary derejeli hünärmeni Dr. Entoni Fauçi (Dr. Anthony Fauci) sanjymlaryň öňümizdäki ýylyň aprel, maý we iýun aýlarynda ähli amerikalylar üçin elýeterli boljakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *