Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen ymamlary we ýaşulylary näme üçin maska ​​geýmelidigini ilata düşündirerler

Türkmen ymamlary we ýaşulylary näme üçin maska ​​geýmelidigini ilata düşündirerler

Türkmen ruhanylary we ýaşulular ilata gözegçilik etmek we onuň lukmançylyk maskalaryny dakynmagyny gazanmak bilen meşgullanarlar. Şu aýda ýurduň häkimiýetleri maska dakynmak talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirdi we bu polisiýa bilen birlikde býujet işgärlerini we mugallymlary çekdi. COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň täze tolkunynyň fonunda, BSG özüniň "COVID-19-dan erkindigini" aýdýan Türkmenistana barmak boýunça tagallalaryny güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 19-njy noýabrda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň gündogaryndaky häkimiýetler oba ymamlaryna we ýaşulularyna ilatyň maska dakynmagyny üpjün etmegi we maskalaryň peýdasy barada gürrüň bermegi tabşyrypdyr. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda bu buýruk dini işler boýunça häkimiň orunbasary tarapyndan edilipdir. Lebap, Çarwadar, Kepbeli oba birleşikleriniň ýaşulularyna hem şuňa meňzeş tabşyryklar berilipdir.

Ýerli ymamlaryň sözlerine görä, häkimiýetleriň buýrugy bilen metjitler 21-nji ýylyň mart aýyna çenli ýapyk galar, toýlarda, jynazalarda we sadakalarda adamlaryň sanynyň 20 adamdan geçmegine rugsat berilmeýär. Her kim maskaly bolmaly.

Ruhanylaryň we ýaşulularyň ilata maska geýmegiň zerurlygy barada wagyz-nesihat edenlerinde onuň zerurlygyny nädip düşündirjekdigi entek belli däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri sebäplerini düşündirmezden, ilatyň köpçülik ýerlerinde maska geýmegini talap edýär. Mundan öň ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan häkimiýetler güýçlendirýän karantin çärelerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündiripdi, maska dakynmagyň bolsa, ilaty "howadaky tozan bölejikleriniň köpelmeginden" goramak üçin gerekdigini aýdypdy.

Bu aýda maska talaplarynyň ýerine ýetirilmegine basyşlar has-da güýçlendi.

Aşgabatda maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik polisiýa işgärleri we harby uniwersitetleriň kursantlary tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenabatda reýdler hyýymlik işgärlerinden, polisiýa işgärlerinden we sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerinden ybarat ýörite döredilen toparlar tarapyndan edilýär. Maryda polisiýa işgärleri bilen bir toparda bir döwlet işgäri hem mekdep mugallymy gözegçilik edýär.

Ýatlatsak, koronawirus pandemiýasynyň başynda ýurduň ilatyna maska geýmek, dermanhanalara bolsa maska satmak gadagan edilipdi.

Türkmenistan ilatdan jemgyýetçilik ýerlerinde maska geýmek talabyny iýul aýynda, BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň sapary wagtynda, Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat bermeginden soň başlanypdy.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmesine görä, BSG Türkmenistana sapar etmek boýunça tagallalaryny güýçlendiripdir.

"Bütindünýä saglyk guramasy bu gezek has giňişleýin wekilçilikde we has uzak möhletde Türkmenistana öz missiýasyny ibermekçi bolýar. Haýyş 10 gün mundan öň gelen hem bolsa, biziňkiler entek jogap bermediler" diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşme 18-nji noýabrda habarçymyza aýtdy.

Çeşme BSG-niň wekilleriniň Türkmenistana sapar etmek rugsady we logistika kömegi üçin birnäçe gezek ýüz tutandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy BSG-niň wekillerinden jikme-jik maglumat almaga synanyşýar. 

Mundan ozal, BSG-niň resmileri Türkmenistana ýene-de sapar etmek niýetini awgutda mälim edipdi.

BSG-niň baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 7-nji awgustda geçiren wideo duşuşygynda Türkmenistanda pnewmoniýa wakalarynyň artmagyna özleriniň çynlakaý alada bildirendiklerini aýdyp, BSG toparyna ýurt içinden COVID-19 test nusgalaryny garaşsyz almaga we olary ýurduň daşynda barlamaga ýol berilmelidigini sorapdy. BSG-niň Ýewropadaky edarasynyň başlygy Hans Kluge türkmen prezidentiniň munuň bilen ylalaşandygyny Twitter hasabynda ýazdy.  

BSG 6-njy noýabrda dünýäde koronawirus ýokançlygynyň gündelik sanynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede artandygyny yglan etdi we onuň jemi 581 müňden köp bolandygyny aýtdy. 

Häzirki wagtda dünýäde 1 million 300 müňden gowrak adam COVID-19-iň pidasy boldy. Dünýäde kesel ýokaşan adamlaryň sany 56 milliondan geçdi.

Türkmenistan, COVID-19 tassyklanan ýekeje hadysany hem hasaba almandygyny öňe sürýän az sanly ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. 13-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň COVID-19-dan "azatdygyny" ýene-de bir gezek yglan etdi we muny "begendiriji" hem-de "uly üstünlik" diýip atlandyrdy. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Можайске продолжаются работы по реставрации Никольского собора

В Кирове усилили инфраструктуру связи к юбилею города

Глава Минобрнауки РФ прибыл в Томск для участия в форуме U-NOVUS-2024

Стал известен график доставки пенсионеров на диспансеризацию в Дмитровском округе

Музыкальные новости

Заявление Союза армян России

Уссурийский ЛРЗ расширяет форматы промышленных экскурсий на предприятие

Почта России помогла ребёнку из Ижевска, подопечному благотворительного фонда, встретиться с футболистами ЦСКА

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Новости России

Стал известен график доставки пенсионеров на диспансеризацию в Дмитровском округе

Арсений Вейс: Из Ховрина удобно ездить к маме

Зачем офицеры НАТО и дипломаты ЕС рыщут по регионам Дальнего Востока

Депутата в Новосибирске задержали за взятку более чем в 3,5 миллиона рублей

Экология в России и мире

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

Спорт в России и мире

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

Последний танец Надаля и юбка Сюзанн Ленглен: 6 важных фактов о «Ролан Гаррос»-2024

Moscow.media

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

"ДиМ" строит участок 5 трассы СБВ

ALMI Partner и «Даком М» будут совместно развивать и продвигать отечественные ИТ-решения

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *