Azerbaýjanyň mejlisi Fransiýany Dagly-Garabag töwellaçylygyndan çykarmaga çagyrýar
Franssuz parlamentiniň ýokarky palatasy 25-nji noýabrda Fransiýany separatistik sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmäge çagyrýan karar kabul etdi.
Bu göçüm Ermenistanyň şu aýyň başynda, Moskwanyň araçylygy netijesinde, Dagly-Garabag üstünde turan täze söweşleri togtadan parahatçylyk şertnamasyna razylyk bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Fransiýa, Russiýa we ABŞ bilen bilelikde, Dagly-Garabag dawasyny çözmek ugrunda geçirilen gepleşiklere onlarça ýyllap ýolbaşçylyk etdi, ýöne dowamly ylalaşyk gazanyp bilmedi.
Fransuz senatorlarynyň gelen kararynda Minsk toparynyň egindeş başlyklarynyň "Dagly-Garabag respublikasyny" garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmegine çagyrylýar.
Azerbaýjanyň kanun çykaryjylary muňa jogap edip, 26-njy noýabrda hökümetden Minsk toparyna gözegçilik edýän ÝHHG-a ýüz tutmaga hem-de Fransiýany toparyň prezidentliginden çykarmagy talap etmäge çagyrdy.
Şeýle-de olar Bakuwy Fransiýa bilen "syýasy ... we ykdysady gatnaşyklaryna" täzeden garamaga çagyrdylar.