Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran esasy ýadro alymynyň öldürilmeginde ABŞ-ny, Ysraýyly günäkärleýär

Eýranyň ýokary lideri ýurduň iň ýokary derejeli ýadro alymy Tähranyň golaýynda janyna kast edilip öldürilenden soň, ar almaga çagyrdy.


Aýatolla Ali Hameneýi 28-nji noýabrda öz resmi web sahypasyndaky ýazgysynda "bu jenaýatyň yzyny çalmaga we jogapkärleri hökman jezalandyrmaga" çagyrdy.


Eýranyň prezidenti Hasan Rohani bolsa şol gün, Eýranyň baş ýadro alymynyň Tähranyň golaýynda öldürilmegi bilen baglylykda, Ysraýyly ABŞ-nyň "hakyna tutmasy" hökmünde hereket etmekde günäkärledi.


"Global ulumsylygyň elhenç elleri ýene, uzurpator sionist režimini hakyna tutmak bilen, bu milletiň oglunyň ganyna boýaldy” diýip, Rohani 28-nji noýabrda öz resmi web sahypasynda ýazdy.


Eýran resmileri köplenç Birleşen Ştatlary nazarda tutanlarynda “global ulumsylyk” terminini ulanýarlar, “basyp alyjy sionist režimi” diýenlerinde bolsa Ysraýyla nazarda tutýarlar.


Ýadroçy alym Mohsen Fahrizade 27-nji noýabrda Tähranyň golaýynda gabawa salnyp, Eýran bilen ABŞ-nyň, şeýle-de onuň ýakyn ýarany Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirip biljek gazaply hüjüm netijesinde öldürildi.


Eýranyň ýadro gullugynyň başlygy Ali-Akbar Salehi 28-nji noýabrda Fahrizadäniň öldürilmeginiň Eýranyň ýadro programmasyna zyýan ýetirmejekdigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *