Rus prezidenti öňümizdäki hepde ‘giň gerimli’ waksina sanjymlaryna başlamagy buýruk berdi
Prezident Wladimir Putin rus hökümetine öňümizdäki hepde “giň gerimli” waksina kampaniýalaryna başlamagy buýruk berdi. Russiýa Sputnik-V sanjymyna elýeterliligi we ünsi artdyrmaga synanyşýar.
Putiniň 2-nji dekabrda Goranmak ministrliginiň saglyk edaralary bilen geçiren telekonferensiýasynda beren buýrugy rus waksinasynyň täsirliligi barada soraglaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Şeýle-de, bu bildiriş Britaniýanyň german-amerikan kompaniýalarynyň öndüren waksinasyny makullamagyndan birnäçe sagat soň berildi. Bu waksinanyň kliniki barlaglary 95 göterim täsirli boldy. Şeýle-de, sanjym uly ýaşly adamlara möhüm gorag hödürleýär.
Putin awgustda hökümetiň “dünýäniň ilkinji koronawirus waksinasyny” makullandygyny yglan edip, dünýäni haýran galdyrdy. Ýöne bu waksina heniz synagyň möhüm Üçünji tapgyryndan geçmedi we diňe az adama berildi.
Şondan bäri, birnäçe günbatar derman kärhanalary, şol sanda Britaniýanyň makullan waksinasyny öndüren Pfizer we BioNTech german-amerikan topary geljegi uly netijeleri yglan etdiler.