Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan nädip COVID-19-y «ýeňdi»? Bu barada döwlet puluna film surata düşürilýär

Özbegistan nädip COVID-19-y «ýeňdi»? Bu barada döwlet puluna film surata düşürilýär

Özbegistanyň Döwlet kinostudiýasynyň dokumental hem hronika filmler bölümi “Synagly günler” ady bilen dokumental filmi surata düşürip başlady. «Özbekkino» milli agentliginiň metbugat wekili Nazim Safariniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, üç bölümden ybarat bu film döwlet puluna surata düşürilýär. Onuň üçin 230 million sum – 22 müň dollar çemesi goýberilipdir.

 

Filmiň režisýory Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow hakyndaky dokumental filmi we ýene-de 40-dan gowrak filmi surata düşüren 31 ýaşly Daniýar Şokirow Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanynda, täze filmiň 1-nji bölüminiň şu dekabr aýynda ekrana çykjakdygyny aýtdy.

Filmiň režisýory hem ssenariniň awtory Şokirowyň sözüne görä, filmiň baş gahrymanlary “Koronawirus bilen göreşýän Özbegistanyň medisina işgärleri hem-de infeksiýa garşy gahrymanlarça hyzmat eden beýleki hünärdäki adamlardyr”.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren «Özbekkino» milli agentliginiň metbugat wekili Nazim Safari: “Filmde döwlet ýolbaşçylarynyň hem wraçlaryň, harbylaryň, IIM-niň işgärleriniň we Milli gwardiýanyň koronawirusa garşy bilelikde göreş alyp barandygy suratlandyrylýar” diýdi.

Safariniň sözüne görä, COVID-19 baradaky film Horezm, Buhara, Samarkant, Syrderýa, Andijan welaýatlarynda hem Daşkent şäherinde surata düşürilýär. Filmi surata düşüriş işlerini Said Dalilhan hem Said Turguthanow alyp barýar.

DEMIRGAZYK KOREÝALY REŽISÝORYŇ LIDER KIM ÇEN IR HAKDA FILM ALŞY ÝALY «PROPAGANDA ROLIGI»

Gyrgyn, mama, mergi, ispanka — geçen asyrlarda bolan bu epidemiýalaryň dünýäni sarsgyna salmagyndan daşary-da, dörediji adamlara ylham hem beripdi.

Fransuz hudožnigi Nikola Pussen özüniň “Aşdodda gyrgyn” kartinasynda adamlaryň gorky duýgusyny şekillendirdi.

Kinorežisýor Terri Gilliamyň 1995-nji ýylda surata düşüren «On iki maýmyn» (Twelve Monkeys) filminde, laboratoriýadan bir jenaýatçynyň ogurlan wirusynyň ýaýramagy netijesinde, adamzat onlarça ýyl ýer astynda ýaşamaly bolşy hakda gürrüň gidýär.

Özbegistanly sungaty öwreniji Abdulmalik Turdiýewiň aýtmagyna görä, “ekstremal şertde burça gabalan adamyň ruhy azaby” döredijilige çekiji magnitdir.

— Ýöne welin men bu umumy ynsan heläkçiligi hakda özbek kinorežisýorlary, hususan Daniýar Şokirow doly mazmunly filmi surata düşürip biler diýip ynanmaýaryn. Men ol režisýoryň Yslam Kerimowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan filmine tomaşa edenimde, «propaganda roligi» diýip baha beripdim, ýagny Kim Çen Ir hakynda Demirgazyk Koreýanyň kinoçysy nähili film alýan bolsa, Şokirow hem şeýleräk kino alypdyr. Eger ýalňyşsam bagtly bolardy, ýöne «özbek hökümetiniň hem ýolbaşçylarynyň COVID-19 infeksiýasyna garşy şöhratly göreş alyp barmagy hem ony ýeňmegi hakynda» gowy film düşürjegine ynamym ýok. Aslynda koronawirusdan Özbegistan ýeňildi. Bu şeýle bolsa, ol ýeňliş barada kino alynmagy gerek. Zangiata keselhanasynda merhumyň jesedini alyp çykmak üçin, ahyrky pensiýa puluny para hökmünde berýän bir garry aýalyň hasraty barada kino almak mümkin. Bolýar, ýaş režisýory umytsyz goýmalyň, kino ekrana çykandan soň ýene gepleşeris – diýip, sungaty öwreniji Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

«BU KINO IŞGÄRLERI ŞOL FILMI KORONAWIRUSDAN EJIR ÇEKEN KÄRDEŞLERINE GÖRKEZIP BILERLERMI?»

Özbek kinorežisýory Ulugbek Ýuldaşew pandemiýa hakda kino surata düşürmegiň zerurdygyny tassyklaýar.

— Munuň özi örän gowy. Bu günüň hronikasy geljekki nesiller üçin galar. Ýöne COVID-19 barada 230 million suma (22 müň dollar çemesi) gowy film almak kyn – diýip, ol entek ekrana çykmadyk film barada pikir ýöretdi.

— Öňünden aýdaýyn – kino däl, plakat surata düşüriler. Diýmek, koronawirusy ýeňen merdana özbek wraçlary barada örän taryplaýjy film alynýan bolmaly. Eşidişime görä, filmiň 1-nji seriýasy eýýäm alnypdyr, onuň işçi wersiýasy ýurduň ýolbaşçylaryna görkezilipdir. Ýöne ol filmi kinematografistler koronawirusdan ejir çeken öz kärdeşlerine görkezip bilerlermi? Meselem, aktýor Fathulla Maksudow ýa-da Abduraýim Abduwahidow ýaly onlarça COVID-19 sebäpli ölenleriň maşgalasyna?.. Prezident administrasiýasynyň dirižýorlygynda alnan kinonyň hiliniň gowy boljakdygyna men ynanmaýaryn – diýip, Ulugbek Ýuldaşew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şol wagtyň özünde özbek hudožnikleriniň pandemiýa temasyndan döreden eserleri tomaşaçylar tarapyndan oňat garşylandy.

Azyndan iki özbek hudožnigi pandemiýanyň döreden kynçylyklaryny görkezýän eserleri döretdiler.

Olardan biri, belli özbek hudožnigi 47 ýaşly Bodur Ismailow 25-nji martda Daşkent şäherinde koronawirus temasyndan döreden kartinalaryny giň köpçülige görkezdi.

Daşkentli 49 ýaşyndaky Anna Iwanowa COVID-19 boýunça özbek paýtagtyndaky ýagdaýy şöhlelendirýän kartinalar toplumyna girişdi hem mart aýyndan bäri koronawirusyň hronikasyny şekillendirýän ýüzläp suraty çekdi. Ol şekiller karantin döwründäki Daşkendiň gündelik köçe durmuşyny beýan edýär.

Özbegistandaky tanymal hudožniklerden biri Anna Iwanowa golaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanynda, geljekki nesle galdyrmak üçin, bu işe girişip, öz kartinalarynda «Wirus döwrüniň epopeýasyny» döredýändigini aýtdy.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Суд в Москве арестовал экс-футболиста Басиса по запросу Германии

Итоги акции «Судебные приставы — детям» подвели в Подмосковье

Депутат Маликов пояснил, почему необходимо отключение горячей воды летом

Хуснуллин: несмотря на ставку ЦБ, приток ипотеки в стройку продолжается

Музыкальные новости

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

В Тульской области продолжается культурный проект «Классика: история и современность»

“Я хочу семью”: музыкант JONY рассказал в “Шоу Воли” на ТНТ о том, какую девушку он ищет

Новости России

Суд в Москве арестовал экс-футболиста Басиса по запросу Германии

В Москве почтили память лётчиков авиаполка «Нормандия – Неман»

Уходящая из мэрии Липецка Евгения Уваркина в облправительство может стать сенатором от региона 

БАДы прикинулись «Евромедами» // Арестованы предполагаемые организаторы махинаций с лекарствами

Экология в России и мире

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Создайте стильный образ из самых простых вещей в гардеробе

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером

Спорт в России и мире

Александр Зверев: «Сказал себе, что хочу стать примером для подражания. Я больше не ломаю ракетки, почти не получаю предупреждений»

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Moscow.media

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Парк развлечений «Замания» сменил платформу кадрового ЭДО на HRlink







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *