Tramp senatorlar üçin guralan ýygnanyşygy esassyz saýlaw şikaýatlaryny gaýtalamak üçin ulandy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Jorjada, respublikan senatorlaryň ikinji tapgyr bäsleşigi üçin guralan ýygnanyşykda geçen aýda geçirilen prezident saýlawy barada has kän esassyz şikaýat etdi. Senatorlaryň ikinji tapgyr bäsleşigi Senatdaky partiýalaryň haýsysynyň köplük boljagyny kesgitlemeli.
Jo Baýdeniň ýeňendigini şindi hem boýun almaýan we saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny hepdeläp öňe süren Tramp 5-nji dekabrdaky ýygnanyşygy hem 3-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň dogrulygyna şübhe bildirýän şikaýatlaryny gaýtalamak üçin ulandy.
Ol Jorja ştatynyň Waldosta şäherine ýygnanan müňlerçe adama ýüzlenip, “Bu galplaşdyryldy. Bu kesgitlenen ylalaşyk” diýdi.
Tramp, esasy ştatlardaky kazyýetleriň we saýlaw resmileriniň tutuş ýurt boýunça öz şikaýatlaryny ret edendigine garamazdan, saýlaw galplyklary we nädogry çemeleşmeler baradaky aýyplamalaryny gaýtalamagyny dowam etdirýär.
Iň soňky kazyýet şikaýatlarynyň biri Jorjadaky saýlaw netijelerini ýatyrtmak üçin edildi.
Sesleriň gaýatdan sanalmagy Baýdeniň bu ştatda 12,670 ses bilen ýeňiş gazanandygyny tassyk etdi. Jorja ştaty indi bu netijeleri resmileşdirip, olara şahadatnama berdi.
Trampyň saýlawlar baradaky esassyz şikaýatlary orunlaryny goramaga we Senaty respublikanlaryň gözegçiliginde saklamaga synanyşýan senatorlar Deýwid Perdu we Kelli Loeffler üçin guralan ýygnanyşygyň maksadyna kölege saldy.