Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň hassahanalaryna Türkmenistanda öndürilen maskalar paýlanyp, onuň ulanylyşyna gözegçilik etjek komissiýa döredildi

Marynyň hassahanalaryna Türkmenistanda öndürilen maskalar paýlanyp, onuň ulanylyşyna gözegçilik etjek komissiýa döredildi

Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtynda, Mary welaýatynyň hassahanalaryna Türkmenistanda öndürilen maskalar paýlandy. Saglyk işgärleri bu maskalaryň hiliniň pesliginden şikaýat edýän mahaly, şol maskalaryň ulanylýandygyna ýa-da ulanylmaýandygyna gözegçilik etjek täze komissiýa döredildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy dekabrda Marydan habar berdi.

Şu hepde Marynyň hassahanalaryna Türkmenistanyň tekstil kärhanalary tarapyndan öndürilen maskalar paýlanandan soň, saglyk işgärlerinden keselhanalarda bu maskalary dakynmak talap edilip başlandy. Ýöne işgärler onuň hiliniň ýaramazdygyny aýdyp, şol sebäpden gorag derejesiniň hem pesdiginden şikaýat edýärler.

"Daşary ýurtdan gelýän maskalar bilen deňeşdireniňde bu maskalaryň hili pes, has ýuka, rezinleri kelte, gulagyňa dakanyňda gulagyňy agyrdýar. Üstesine-de çalt üzülýär. Adamlaryň burnundan aşaky ýüzüni doly ýapmaýar" diýip, maryly saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Maskalar hassahanalara paýlanandan soňra, habarçynyň tassyklamagyna görä, ýörite barlag komissiýasy döredildi. Bu komissiýa hassahanalara aýlanyp, saglyk işgärleriniň maskalary dakynýandygyna ýa-da dakynmaýandygyna gözegçilik edýär.

"Näme üçin diňe türkmen maskalaryny dakynmalydygymyzy düşündirmeýärler. Diňe şulary dakmalydygymyzy aýdýarlar. Komissiýa sebäpli medisina işgärleri iki maska dakynmaly bolýarlar. Olar türkmen maskalarynyň aşagyndan daşary ýurtlarda öndürilen maskalary satyn alyp dakýarlar" diýip, maryly saglyk işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda öndürilen maskalaryň saglyk işgärleri tarapyndan ulanylýandygyna gözegçilik edilýän mahaly, habarçynyň sözlerine görä, medisina ulgamyndaky korrupsiýa ünsden düşürilýär.

"Döwlet tarapyndan hassahanalara iberilýän dürli hilli dermanlar, maskalar, antiseptikler dermanhanalara ýa-da näsaglara satylýar. Hakykatda bu hassahana işgärleri tarapyndan näsaglaryň bejergisinde ulanylmaly. Komissiýa muňa gözegçilik etmeýär" diýip, saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Marynyň häkimliginden we saglyk bölüminden, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, redaksiýa häzirlikçe bu maskalaryň suratlaryny hem  alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda wirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler. Muňa garamazdan, olar ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyp, maska režimine gözegçiligi yzygiderli güýçlendirýärler.

Bu aralykda, habarçy soňky günlerde ýurtda pandemiýanyň ýitileşmegi bilen Aşgabatdaky hassahanalaryň welaýatdan barýan näsaglary kabul etmegi bes edendigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, hatda näsaglaryň ellerinde hassahanalara ýörite ýollanmalar bar bolsa-da, paýtagtyň keselhanalary hassalary yzlaryna iberýärler.

"Çagama her iki aýda bir gezek Aşgabatdaky onkologiýa merkezinde bejergi almaly. Bu sapar 2000 manat çykdajy edip Aşgabada baranymda, hassahana çagamy kabul etmän, welaýat onkologiýa bölümine ýüz tutmagy tabşyrdy. Lukmanlar ýokardan berlen buýruga garşy hereket edip bilmeýändiklerini aýtdylar. Näçe ýalbarsam-da, çagamy keselhana ýerleşdirip bilmedim" diýip, maryly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň dürli künjeklerinde barha köp adamyň koronawirus alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutmagy netijesinde, ençeme keselhananyň näsaglaryň akymyna döz gelip bilmän täze hassalary kabul etmegi bes edendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Актер Дмитрий Липинский найден мертвым в Москве

Диетологи советуют есть одно мороженое через день

Финал олимпиады Ugra CTF School 2024 прошел в трех городах России

Диетолог назвала порцию мороженого, которая не повредит здоровью

Музыкальные новости

«Восход», Тинькофф Банк и Альфа объявили о совместном pre-IPO фонде в секторе tech на 4 млрд рублей

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

В Екатеринбурге Росгвардия обеспечила правопорядок на переходном матче Чемпионата России по футболу

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Новости России

День защиты детей празднуют в мире 1 июня

Магнитные бури в июне 2024: большие проблемы со здоровьем в неблагоприятные дни

"Может пойти кровь": Врач озвучил признаки теплового удара у детей

В Москве девушке выдали загранпаспорт с ошибкой и сначала отказались его менять

Экология в России и мире

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Коллекция купальников Love Republic

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Спорт в России и мире

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Moscow.media

В Петербурге суд оправдал владельца транспортных средств, который давал взятки сотруднику ГИБДД

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Экс-редактор Comnews присоединился к команде iTrend

В Челябинской области трансгендеру вынесен приговор за поджог военкомата







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *