Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Saýlaw seçgisiniň golaýlamagy bilen, Tramp goldawçylary Waşingtonda protest bildirdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň birnäçe müň tarapdary Waşingtonda ýygnanyp, 3-nji noýabrda geçirilen we demokrat Jo Baýdeniň ýeňşi bilen tamamlanan prezident saýlawlarynyň netijelerine garşylyk görkezdi.


12-nji dekabrda Nýu-Ýorkuň West Point şäherinde oýnalýan futbol oýnuna gatnaşmaga barýan Donald Tramyň resmi prezident dikuçary protestçi märekäniň üstünden üç gezek öwrüm etdi.


Bu protest ýygnanyşygy Saýlaw kollegiýasynyň öňki wise-prezident Baýdeni ABŞ-nyň indiki prezidenti hökmünde resmi taýdan saýlamagyna iki gün galanda, president Trampa  goldaw görkezmek üçin gurnaldy.


Protest çäresinde çykyp gürlänleriň arasynda ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi, Federal derňew býurosyna galp görkezme berendigi üçin iş kesilen we Tramp tarapyndan günäsi geçirlen  Maýkl Flin, Trampyň öňki geňeşçisi Sebastian Gorka dagy hem boldy.


Tramp saýlawda ýeňlendigini boýun almakdan ýüz öwürdi we onuň kampaniýasy saýlaw netijelerini ýatyrmak üçin onlarça kazyýet işini açdy.


 50-den gowrak ştat we federal kazyýet karary Baýdeniň ýeňşini goldady. Ýokary Kazyýet 11-nji dekabrda Tehas ştatynyň esasy ştatlaryň dördüsindäki netijeleri ýatyrtmak isleýän kazyýet işini diňlemekden ýüz öwürdi.


Trampyň prezidentlik möhleti 20-nji ýanwarda, Baýden prezidentlige kasam kabul edende tamamlanar.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *