Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mekdep okuwçysyny zorlanlar aklanandan soň, gyrgyzlar zorluga garşylyk görkezdi

Gyrgyzlar golaýda 13 ýaşly mekdep okuwçysyny gaýta-gaýta zorlamakda aýyplanan erkekler aklanandan soň, jynsy zorlugyň başyna goýberilmegine hem-de bu hili jenaýata baş goşanlaryň kazyýetde jezasyz galmagyna gahar-gazap bildirýär.


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 12-nji dekabrda geçirilen ýöriş BMG-niň her ýyl bütin dünýäde jynsy zorluga garşy guraýan 16 günlük kampaniýasynyň çäginde geçirildi. 


Sowuk howada geçirilen ýöriş kazyýetiň Yssykköl sebitinde 13 ýaşly mekdep okuwçysyny zorlamakda güman edilýän üç adamyň ikisiniň aklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Zorlanlaryň birinden göwreli bolup, çagasyny aýyrtmaly bolan gyz psihologiki trawma merkezinde galýar.


Maşgalasynyň aýtmagyna görä, üç adam ony alty aýlap zorlapdyr, surata düşüripdir we wideolary klasdaşlaryna görkezjekdiklerini aýdypdyr.


“Görnüşi ýaly, bu ýerde adalat ýok. Meniň gyzym ölmek isleýändigini aýdýar” diýip, zorlanan gyzyk kakasy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “häzirki zaman” telekanalyna aýtdy.


Gyrgyzystanda jynsy zorluň giň ýaýran. Gyrgyzystanyň garaşsyz habar saýty “Kloop” aýallaryň dörtden bir böleginiň maşgala zorlugyndan ejir çekýändigini görkezýän pikir soramalaryň maglumatlaryny  mysal getirdi. Bir pikir sorama Gyrgyzystanda her üç aýaldan biriniň äriniň aýalyny urmak üçin esasly sebäpleriň bardygyna ynanýandygyny görkezdi. 


Amerikan aklawçylar birleşigi 10-njy dekabrda çap eden hasabatynda Gyrgyzystanyň hukuk ulgamynyň aýal-gyzlary goramagyň deregine olaryň adalaty gazanmak tagallalaryna işjeň ýagdaýda päsgel berýändigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *