Azerbaýjan Dagly-Garabagda ýene dört esgeriň öldürilendigini aýdýar
Azerbaýjanyň goranmak resmileri geçen aýda ermeni güýçleri bilen Dagly-Garabag sebitinde bolan uly göwrümli çaknyşyklary soňlan ýaraşykdan bäri dört esgeriň öldürilendigini habar berdiler.
Goranmak ministrliginiň 13-nji dekabrda beren beýanatynda öldürilenler barada jikme-jik maglumat berilmedi, diňe olaryň 10-njy noýabrda resmi taýdan tamamlanan söweşde azerbaýjan güýçleriniň gözegçilik astynda saklan sebitinde öldürilendigini aýtdy.
Bir gün öň bolsa, Ermenistan bilen Azerbaýjan bir-birini günortadaky Hadrut etrabynda bolan söweşlerde ýaraşyk düzgünlerini bozmakda aýyplady.
Azerbaýjan tarapyndan 13-nji dekabrda yglan edilen esgerleriň Hadrut sebitinde öldürilendigi ýa däldigi häzirlikçe anyk däl.
Şu aralykda, Ermenistanyň Daşary işler ministrligi hem Azerbaýjany ýaraşyk düzgünlerini "gödek bozmakda" aýyplady, ýöne goşmaça maglumat bermedi.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi bir gün öň Azerbaýjan güýçlerini Hadrutyň golaýynda etniki ermeni güýçleriniň eýeleýän ýerlerine hüjüm etmekde günäkärledi.
Taraplar noýabr aýynyň başynda Russiýanyň töwellasy bilen ýaraşyk baglaşyp, 2000 rus esgeriniň, parahatçylygy goraýyş güýçleriniň konflikt zonasyna ýerleşdirilmegine razy boldy.
Rus parahatçylyk güýçleri Hadrutda iki günläp ýaraşyk düzgünleriniň bozulandygyny boýun aldylar, ýöne günäkäri görkezmediler.
Umuman, Azerbaýjan soňky söweşde 2773 esgeriniň ölendigini habar berdi.
Ermenistan öz harbylarynyň ölüm sanyny mälim etmedi, emma Dagly-Garabag harbylary azyndan 2317 esgeriň öldürilendigini habar berdiler.