Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryly zenanlar döwletden kömek gözläp, üýşüp häkimlige bardy 

Maryly zenanlar döwletden kömek gözläp, üýşüp häkimlige bardy 

Mary şäherinde onlarça zenan döwlet tarapyndan kömek sormak üçin üýşüp 21-nji dekabrda Mary welaýat häkimligine bardy. Zenanlar öz obalarynda unuň 6-7 aý gijikdirilip satylýandygyny, agyz suwuň ýokdugyny aýtmak isläpdir. Häkimligiň wekilleri zenanlary diňlemegiň ýerine olary kowmak üçin polisiýa çagyrdy. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berdiler. Marynň häkimiýetleri bu ýagdaýy kommentirlemedi.

21-nji dekabrda Marynyň Mollanepes köçesinde ýerleşýän welaýat hakimligine baran 50 -a golaý zenan ýerli häkimiýetlere özleriniň kynçylyklary we döwlet tarapyndan kömege mätäçligi barada aýtmak isläpdir.

Habarçymyz Mary etrabynyň ýaşaýjylary bolan bu zenanlaryň ýanyna häkimiň özüniň we häkimligiň wekilleriniň çykmandygyny habar berýär. Halkyň arzyny diňlemäge borçly häkimligiň wekilleri baranlaryň tizrak gitmegi ugrunda çäre görüpdür we kowdurmak üçin polisiýany çagyrypdyr.

Habarçymyzyň we şaýatlaryň sözlerine görä, 2 sany polisiýa işgäri daýzalary welaýat häkimliginiň öňünden çekilmegini we sag tarapyna geçmegini talap edipdir. Daýzalar özleriniň ýetmezçiliklerini häkime aýtman hiç ýere gitmejekdiklerini duýduranlarynda welaýat häkimliginden bir işgär çykyp, häkimiň ýokdugyny aýdypdyr we baran zenanlaryň aýtjak zatlaryny diňläp soň häkime ýetirmegi wada beripdir. Şeýdip, zenanlary häkimligiň binasynyň öňünden gitmegini gazanypdyr.

Häkimligiň işgäri ertirden başlap hemme zat düzeljegini wada berdi diýip, habarçymyz aýdýar.

Marynyň welaýat häkimligine baran onlarça zenan öz obalarynda döwlet dükanlarynda eýýäm köp wagt bäri hiç hili harydyň döwlet nyrhyndan satylmaýandygyny, unuň 6-7 aý gijikdirilip getirilýändigini, öz çagalaryny naharlamak üçin çöregiň gözleginde şäheriň dükanlaryna gatnap kösenýändiklerini aýtmak isläpdir. Oba zenanlarynyň gozgajak bolan meseleleriniň ýene bir agyz suw ýetmezçiligine degişli. Suw turbasy çekilmedik obalaryň ýaşaýjylary aýda iki gezek öz hasabyna awtoulagly suw getirdýärler, mümkinçiligi bolmadyklar suwsuz galýar. Bir sisternanyň bahasy 90 manat. Bankomatlardaky pul ýetmezçiligi zerarly suw üçin nagt tölenmeli töleg-de hemmä elýeterli däl.

Häkimlige baran zenanlaryň sözlerine görä, olaryň oba ýaşaýjylary bolansoň, şäher dükanlarynda-da olara köplenç döwlet bahasyndan çörek satylmaýar.

Soňky wagtda käbir döwlet dükanlary çöregi propiska boýunça satyp başlady.

Şeýle-de zenanlar näme üçin döwletiň kesgitlän nyrhyndan çörek, un, ösümlik ýagy, şeker, tüwi, ýumurtga we towuk budlary ýaly azyk önümleriniň diňe şäherde satylyp, obalarda hiç bolmaýandygyny bilmek isläpdir.

Bu aralykda şäherleriň döwlet dükanlarynda-da bu agzalan önümleriň gytçylygy saklanýar. Harytlaryň satylan wagtynda uly nobatlar döreýär, azyk çäkli möçberde satylsa-da hemmä ýetmeýär. Azygyň gapdalyndan geçmeýän harytlar goşulyp satylýar.

22-nji dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň dükanlarynda ösümlik ýagynyň satuwdan aýrylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda ilatyň gün-güzeranynyň gitdigiçe agyrlaşýan döwründe ilat wagtal-wagtal häkimiýetlere kollektiwleýin ýüz tutýar.

Soňky aýlarda zenanlar üýşüp hökümet tarapyndan adam başyna kesgitlenen azyk önümleriniň, un-çöregiň satylmagyny sorap häkimiýetlere köpçülik bolup ýüz tutdy. Ýaşaýjylar öz gazanjyny almak üçin bankomatlara nagt puluň goýulmagyny sorady. Telekeçiler koronawirus bilen bagly çäklendirmeler döwründe ýapylan bazarlaryň we söwda nokatlarynyň açylmagyny sorady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan boýun alynmaýan ykdysady krizis döwründe azyk önümleriniň bazar nyrhy günsaýyn ýokarlanýar, ilat köpçüligiň döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk önümlerine garaşly bolýar.

Türkmen döwletiniň her adam başynda her aýda ujypsyz möçberde kesgitlän azyk önümleri oba ýaşaýjylaryna birnäçe aý gijikdirilip satylýar. Paýtagtda we iri şäherlerde döwlet dükanlarynda ägirt uly nobatlar, basa-baslyk we dawa jenjel saklanýar.

Hökümet üç ýyl biri dowam edýän bu ýagdaýy görmezlige salýar we güýçli ykdysady ösüş hakynda hasabat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Загородный интернет. Есть готовое решение для частных домов от билайна

Администрация Лобни усилила контроль за управляющими компаниями

Студентка из Щелкова стала победителем конференции «Сохраним историю»

Воробьев: 11,5 тыс человек обратились в филиал «Защитники Отечества» за год

Музыкальные новости

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» легально изготавливает армии и спецслужбы. 6 серия. СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

В Екатеринбурге Росгвардия обеспечила правопорядок на переходном матче Чемпионата России по футболу

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Авторский вечер Эдварда Радзинского из цикла «Встречаясь с тайнами истории» в «Колизей – Арене»

Новости России

Достаем купальники: 10 звезд, которые уже открыли пляжный сезон

Товарооборот России и Таджикистана за 4 месяца вырос на 24%

Двенадцать стартапов получили 19,5 млн руб на U-NOVUS 2024 в Томске

Предприятия Москвы привлекли 12 млрд рублей инвестиций благодаря помощи города

Экология в России и мире

На европейских курортах жители начали обносить улицы цепями, запрещая туристам туда заходить: романтический отдых закончился

Правильная эксплуатация грузовых шин позволит продлить срок их службы

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Спорт в России и мире

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Теннисистка Петрова: Хачанов совершил недопустимую ошибку на "Ролан Гаррос"

Лишь две теннисистки моложе Свёнтек выигрывали 16 матчей подряд на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Завершен монтаж пролетного строения моста через Волгу на обходе Твери

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

Муруджинские озера

ALMI Partner и «Даком М» будут совместно развивать и продвигать отечественные ИТ-решения







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *