Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň häkimiýetleri arzan miwe we ýumurtga 'bolçulygyny' döretmäge çalyşýar

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň häkimiýetleri arzan miwe we ýumurtga 'bolçulygyny' döretmäge çalyşýar

Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, Aşgabadyň häkimiýetleri käbir bazarlarda we dükanlarda adatdan daşary arzan miwe we ýumurtga "bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Bu aralykda, Marynyň häkimiýetleri telekeçilere hususy dükanlaryň öňüni täze ýyl bezegleri we arçalary bilen bezemegiň gadagandygyny duýdurdy. Lebabyň Farap etrabynda mugallymlardan we okuwçylardan Täze ýyl baýramy üçin pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji dekabrda habar berdiler.

Paýtagtyň "Gülüstan", "Gündogar" we "Paýtagt" bazarlarynda, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, arzan bahadan miwe önümleri, şol sanda alma, armyt, banan we nar satuwa çykaryldy.

Bu ýerdäki miwe önümleriniň 1 kilogramy 5-10 manatdan satyldy. Bu döwlet we hususy dükanlardaky bahalar bilen deňeşdireniňde ep-esli arzan bolup, hususyýetçilerde mandariniň 1 kilogramy 35-45 manat, nar 25 manat we apelsin 40-60 manat bahalanýar.

Habarçy geçen hepdäniň ahyrynda bu önümler satuwa çykarylanda, onlarça metre uzap gidýän nobatlaryň emele gelendigini hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 21-nji dekabrda bazarlaryň içindäki polisiýa işgärleri ir bilen bu ýere üýşen adamlara miwe önümleriniň günortanlyk naharyndan soň satyljakdygyny aýtdylar.

Ýöne nobata duran adamlar özleriniň düýn hem şu sözler bilen aldawa salnandygyny aýdyp, "ertire çenli garaşmaly bolsa-da garaşjakdyklaryny" aýtdylar. Şondan soň bir sagat geçip-geçmänkä miwe önümleri satuwa çykaryldy.

Şeýle-de, Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän käbir hususy dükanlara döwlet tarapyndan towuk ýumurtgasy getirilip, ýeňillikli bahadan satyldy. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli anyk ýer we adam atlaryny aýtmakdan saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, bir ýumurtga 90 teňňeden satyldy. Hususyýetçilerde bir ýumurtga 1 manat 40 teňňeden bahalanýar. Üç dükana uly göwrümde ýumurtga getirilendigine garamazdan, ullakan nobatlar emele geldi. Bahalara we nobatlara raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri gözegçilik etdi.

"Satyjylar beýleki harytlary satmagy bes edip, diňe ýumurtga satmaga mejbur boldular. Ýumurtganyň söwdasy haryt gutarýança, bir ýarym ýa-da iki sagat çemesi dowam etdi. Adamlar derrew birnäçe dükanda nobat bellediler. Olar dürli dükanlara yzly-yzyna ylgadylar" diýip, ýumurtga satyn alan aşgabatlylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady we azyk krizisiniň arasynda, türkmen hökümeti Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ýurduň söwda nokatlarynda "azyk harytlarynyň bolçulygyny" ýola goýmagy wada berýärler. Munuň netijesinde bazarlarda adatdan daşary arzan "azyk bolçulygy" wagtlaýyn döredilýär. Bu "bolçulyk" baýramçylygyň yzýany aradan aýrylýar.

Bu aralykda, Mary welaýatynyň resmileri Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän kitaphananyň öňünde baş arçany gurnamak bilen, Täze ýyla taýýarlanýar.

Şol bir wagtda Marynyň häkimiýetleri, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, bu ýyl welaýatyň beýleki etraplarynda başga Täze ýyl arçasyny bezemegi göz öňünde tutmaýar. Şeýle-de, resmiler Baýramaly etrabyndaky telekeçilere dükanlaryň öňüni bezemegiň, täze ýyl arçalaryny oturtmagyň gadagandygy duýdurdylar.

"Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri aýlanyp, dükanlaryň daşynda täze ýyl bezeglerini asan ýa-da täze ýyl arçasyny gurnan telekeçilere 2000 manat pul jerimesiniň salynjakdygyny duýdurdylar" diýip, baýramalyly telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri telekeçilere dükanyň penjirelerine aýazbabanyň, garyň, ýagşyň suratlaryny çekmäge ýa-da dükanyň içinde bezegleri asmaga rugsat berilýändigini hem aýtdylar.

"Olar bize näme üçin dükanyň içini bezäp bolýandygyny, ýöne daşyny bezäp bolmaýandygyny düşündirmediler. Ýogsam, geçen ýyl olar bizi dükanyň daşyny hem bezemäge borçly edipdiler. Hat-da "köçedäki tut agaçlaryna hem çyra oturdyň" diýipdiler" diýip, telekeçi belledi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan baýramlylaryň ençemesi welaýatda diňe bir Täze ýyl arçasynyň bezelmegine nägilelik bildirip, Mary şäherine gidip-gelmek üçin özleriniň hem has köp maddy çykdajy, hem-de has köp wagt sarp etmeli boljakdygyny belledi.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda bolsa, ýerli häkimiýetler mugallymlardan we okuwçylardan pul ýygnap, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýar.

"Şu ýyl Täze ýyl çäreleriniň geçirilmejekdigini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, mekdep ýolbaşçylary özlerine "ýokardan tabşyryk berlendigini" aýdyp, Täze ýyl çäreleri üçin mugallymlardan 100, okuwçylardan 80 manat ýygnaýarlar" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran faraply bilim işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrabyň 1-3-4-nji mekdeplerinde bolsa, "mugallymlara sowgat satyn almak" üçin diýlip, okuwçylaryň her birinden 80-120 manat aralygynda pul ýygnaldy.

"Bu hili goşmaça çykdajylar maddy mümkinçiligi çäkli maşgalalara agram salýar" diýip, faraply ene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada gürrüňi edilen edaralardan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly baýramçylyklaryň gerimi çäklendirilýän mahaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyly paýtagtda we ýurduň sebitlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet baştutany bu baradaky tabşyrygyny 17-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim etdi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дума предложили дать многодетным право бесплатного проезда по платным дорогам

Загородный интернет. Есть готовое решение для частных домов от билайна

В Орловской области заключить контракт могут мужчины, умеющие управлять дронами

Водителя с особо крупной партией наркотиков задержали на 84-м километре МКАД

Музыкальные новости

Сергей Лазарев рекомендовал Казань для отпуска выходного дня

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже товаров из магазина

ЦСКА разорвал дистанцию // Армейцы увеличили преимущество в финальной серии Единой лиги ВТБ

Путин поручил утвердить проект «Пять морей и озеро Байкал»

Новости России

В Коломне идет конкурс для предпринимателей на субсидию более 1,6 млн рублей

Загородный интернет. Есть готовое решение для частных домов от билайна

Пронько: В России создан "вечный двигатель" распила и воровства. Дело "рыжего Толика"

Врач: в Москве вскоре начнется второй пик аллергического сезона

Экология в России и мире

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Глава Реутова проверил содержание территории города

Стильные образы на лето, в которых вы покорите окружающих

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Спорт в России и мире

Рыбакина, Путинцева и Бублик стартуют на Ролан Гаррос. Кто в соперниках и чего ждать?

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

Moscow.media

Муруджинские озера

В Челябинской области трансгендеру вынесен приговор за поджог военкомата

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

Лето в урочище Кокоря







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *