Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mekdep okuwçylary adatdakysyndan has köp dynç alarlar, studentler dynç alyşda öýlerine gitmezler

Mekdep okuwçylary adatdakysyndan has köp dynç alarlar, studentler dynç alyşda öýlerine gitmezler

Türkmenistandaky käbir uniwersitetleriň studentleri täze ýyl baýramçylyklarynda öýlerine gaýdyp bilmezler. Ýurduň orta mekdeplerde bolsa, kanikul döwri uzaldyldy. Bu aralykda edara-kärhanalarynda baýramçylyk çäreleri, korporatiw oturylyşyklar ýatyryldy. Şahsy oturylyşyklar, toýlar we ýas çäreleri hem berk çäklendirildi. Häkimiýetleri adamlaryň duşuşmakdan saklanmagyny wagyz edýärler. Bu çäreler ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak bilen düşündirilýär. Koronawirus henizem ýurtda agzalmaýar.

Türkmenabadyň iki okuw jaýynyň okuwçylary täze ýyl baýramçylyklarynda öýlerine gaýdyp bilmezler. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet pedagogiki institutynyň we medisina mekdebiniň ýurduň beýleki welaýatlarynda ýaşaýan studentlerine dynç alyş günlerinde öýlerine gitmegiň gadagan edilendigi aýdylypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bu gadagançylygy karantin çäklendirmeleri bilen düşündiripdirler, ýöne şol bir wagtyň özünde-de studentleri täze ýyl baýramçylyklary barada döwlet telewideniýesiniň taýýarlaýan gepleşikleri üçin öňünden ýazgy edilýän çärelere gatnaşdyrýarlar.

Çäreçi studentlerden toý lybaslar üçin öňünden pul toplanypdyr. Uniwersitetiň okuwçylaryndan baýramçylyk eşikleri üçin 5200 manat, orta ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan 2000 manat ýygnalypdyr. Mundan başga-da, talyplar telewideniýäniň ýazgy edýän baýramçylyk çäreleri üçin 500 manatdan tabşyrmaly bolupdyr.

Häzirki wagtda Täze ýyl teleprogrammalary Türkmenabadyň şäher kafelerinde we restoranlarynda ýazga alynýar, şeýle hem Ruhyet köşgüniň golaýyndaky esasy arça agajynyň öňünde ýazgy etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bu döwürde ýurduň orta mekdeplerinde gyşky dynç alyşlar uzaldyldy. Aşgabatdaky habarçylaryň 24-nji dekabrda aýdyşy ýaly, şu ýyl dynç alyşlar 28-nji dekabrdan 18-nji ýanwar aralygynda üç hepde dowam eder. Bu barada ýarym resmi "Türkmenportal" neşri hem Aşgabat bilim bölümine salgylanyp habar berdi. Mekdeplerde dynç alyşlarynyň uzaldylmagynyň resmi sebäbi görkezilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýoklugyny öňe sürýän wagtynda bu keseliň ýaýramagy ýurtda dowam edýär. Hassahanalarda COVID-19 alamatlary bolan hassalar köp, lukmanlar keselleýärler. Mekdebe gatnaýanlar azaldy, kesellän çagalar köp, ene-atalaryň ençemesi çagalaryna keseliň ýokaşmagyndan gorkup, sagdyn çagalary öýlerinde alyp galýarlar. Öýlerinde bejergi alýan hassalar köp, koronawirus testinden meýletin geçýänler köpelýär.

Soňky hepdelerde döwlet edaralary öz işgärlerine koronawirus testini öz hasabyna etmegi tabşyrdylar. Indi täze buýruga laýyklykda birnäçe býujet edaralarynda işgärlerden dümew sanjymyny edip, muny tassyklaýan resminama getirmek talap edilýär we bolmasa, işden kowuljakdygyny aýdýarlar. Bu barada 25-nji dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda şu ýyl welaýatlarda baýramçylyk duýulmaýar. Mary welaýatyň welaýat merkezinde bu ýyl arça agaçlary bezelmeýär. Mary şäherinde esasy esasy arça agajy Mollanepes köçesindäki kitaphananyň öňünde bezelýär. Emma ýaşaýjylara agaja ýakynlaşmaga rugsat berilmeýär. Şeýle hem ýaşaýjylara bu ýerde surata düşmek gadagan edilýär. Raýat eşikli adamlar muňa gözegçilik edýärler saklaýarlar we "düzgün bozýanlara" jerime salýarlar.

Azatlygyň habarçysy arça agajynyň fonunda çagalary bilen surata düşmäge synanyşan ene-atalaryň jerimä sezewar bolmagyna degişli birnäçe waka barada habar berdi. Jerimäniň mukdary nagt görnüşinde 60-100 manat aralygynda, emma kwitansiýa berilmeýär.

Habarçymyzyň gürrüň beren wakalarynyň birinde iki çagasyny täze ýyl agajynyň öňünde Aýaz baba eşikli bir ýigit bilen surata düşürjek bolan bir zenana jerime salnypdyr. Aýaz baba eşikli ýigit sorag edilip, onuň eşigi elinden alnypdyr. Ýerli häkimiýetler Mary şäherinde bezelen arça agajynyň Täze ýyl teleprogrammalaryny ýazga almak üçin dikilendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl kärhanalarda medeni çäreleri geçirmek resmi taýdan gadagan edildi. 23-nji dekabrda ýarym resmi Orient onlaýn neşri eýeçiligine garamazdan, ähli edara-kärhanalarynda, şol sanda bilim guramalarynda adamlaryň arasynda aragatnaşygy azaltmak üçin täze ýyl çärelerini geçirmegiň gadagan edilendigini habar berdi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini hem alyp barýarlar, adamlaryň öýlerinde galmagyna we täze ýyly bellemezligine çagyryşlar edilýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, düşündirişler okuw jaýlarynda we kärhanalarda geçirilýär. Agitasiýa toparlarynyň düzümine edaralaryň ýolbaşçylary, häkimlikleriň we polisiýanyň wekilleri we mollalar girýär. Mollalar käbir halatlarda täze ýyly "ýerli medeniýete ýat" baýramçylyk diýip, ony bellemekden ýüz öwürmegi wagyz edýärler.

Mundan başga-da, ilata täze ýyl gijesinde köçä çykmazlyk, bolmasa munuň üçin tussag edilmek we jerimä sezewar bolmak mümkinçiligi barada dilden duýduryş berilýär.

Türkmenistanda täze ýylyň öňüsyrasynda arça agaçlaryny dikmek we baýramçylyk bezeglerini guramak üçin pul serişdeleri her ýyl ilatdan ýygnalýar. Koronawirus pandemiýasynyň fonunda ýurtda girizilen çäklendirmelere garamazdan, türkmen häkimiýetleri şu ýyl hem döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerinden pul toplapdy we täze ýyl agaçlaryny oturtmagy tabşyrypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Гендиректор ОМК возглавил экспертную комиссию премии «HR-бренд»

Блогер Блиновская подала в суд заявление о собственном банкротстве

В России за неделю реализовано 76 XCite X-Cross 7 с бывшего завода Nissan

Новые лесопатрульные комплексы в Подмосковье будут защищать леса от огня

Музыкальные новости

Фильм «Мой любимый чемпион» показали в павильоне «Роснефти» на ВДНХ в Москве

Скандал с пенальти, отмена гола Вендела и решающий мяч Алипа на 95-й! «Зенит» победил «Балтику» в финале Кубка России

На ВДНХ открылась цифровая фотовыставка "Счастье. Материнство или карьера!?"

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Новости России

Минфин РФ предлагает новые налоговые надбавки для добычи золота и драгоценных камней

"Ока" сбила пенсионерку в Петровске

Не стало актрисы театра и кино Агнии Елекоевой

В Москве дети мигранта втроём избивали мальчика на глазах у своего отца

Экология в России и мире

Волжский нарцисс - Плес

Анастасия Уколова, Елизавета Базыкина и Никита Кологривый продолжают съемки сериала «Комбинация»

Конференция «Общество и психическое здоровье» прошла в Ставрополе

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Спорт в России и мире

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Медведев высказался об игре Свёнтек

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Moscow.media

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России

Накануне в центре Орла случился пожар

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *