Kreml Putiniň biznes liderleri bilen däp bolan duşuşygyny goýbolsun etdi
Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň şu ýyl işewür liderler bilen ýylyň ahyrynda geçirilýän adaty duşuşyga gatnaşmajakdygyny habar berdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 27-nji dekabrda adatça her ýyl Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşygyň bu ýyl geçirilmejekdigini aýtdy. Ýöne ol munuň sebäbini aýtmady.
Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Aleksandr Şohin aýyň başynda bu duşuşygyň 25-nji dekabrdan soň geçiriljekdigini aýtdy.
Şu ýyl Putin her ýylda telewideniýe arkaly geçirýän “Göni liniýa” sorag-jogap sessiýasyny hem goýbolsun etdi. Bu sorag-jogapda prezident ýurduň dürli künjeklerinden bolan adamlaryň seresaplyk bilen saýlanan soraglaryna birnäçe sagat içinde jogap berýärdi.
Geçen ýyl Kremlde işewür liderler bilen geçirilen duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda milliarderler Mihail Gutseriýew, Mihail Prohorow, Mihail Fridman, Gennadiý Timçenko we Wladimir Potanin dagy hem boldy. Şeýle-de bu duşuşyga “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň baş direktory Igor Seçin gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşýanlaryň adatça ýapyk mejlislerde ykdysady meseleler barada pikir alyşýandygyna garamazdan, “Forbes” žurnaly näbelli çeşmelere salgylanyp, Polşanyň pozisiýasyna ünsi jemlemek bilen, Putiniň Ikinji jahan urşuna görlen diplomatik taýýarlyk barada geçiren gözleglerini maslahatlaşmaga ep-esli wagt sarp edendigini aýtdy.