Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Doping duýduryjylarynyň Russiýa gaýdyp barmak plany ýok

Doping duýduryjylarynyň Russiýa gaýdyp barmak plany ýok

Russiýada doping dawasynyň paş edilmeginde möhüm rol oýnan russiýaly är-aýal 27-nji dekabrda çap edilen interwýularynda mundan beýläk Russiýany öz öýleri hasaplamaýandyklaryny hem-de ýurda gaýdyp barmak planlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Witaliý we Ýuliýa Stepanowlar 7 ýaşly ogullary bilen häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda ady aýdylmaýan bir ýerde ýaşaýarlar hem-de bosgunlyk üçin ýüz tutan arzalarynyň çäginde söhbetdeşlige garaşýarlar. Olar bu barada Germaniýanyň dpa habar agentligine gürrüň berdiler.

 “Russiýa biziň doglan ýerimiz. Biziň Russiýa dolanyp barmak planymyz ýok” diýip, Witaliý Stepanow aýtdy.  

Olar 2014-nji ýylda Russiýadan gaçyp, Russiýanyň döwlet hemaýatyndaky doping maksatnamasy barada surata düşürilen dokumental filmiň köpçülige ýetirilmeginiň öňýany, ilkibaşda, Germaniýa bardylar. Olar bu dokumental film üçin doping dawasy barada jikme-jik maglumat berdiler.

Stepanow öz maşgalasynyň Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylda bosgunlyk üçin ýüz tutandygyny we şondan bäri Amerikada adaty orta gatlagyň durmuşyny ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

“Biziň kimdigimizi hiç kim bilmeýär” diýip, ol telefon söhbetdeşliginde aýtdy. “Biziň dostumyz kän däl, ýöne biziň gadyr edýän dostlarymyz bar we biz olaryň biziň durmuşymyzyň bir bölegidigine buýsanýarys” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, ol alty ýyl mundan ozal eden işlerine ökünmeýändigini aýtdy.

“Hakykat ýüze çykdy we degişli guramalar bu meseläni çözmäge mejbur edildi. Biz begenýäris we, umuman, men dopinge garşy hereketiň has güýçlenendigine ynanýaryn” diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ökde ylgawçysy Ýuliýa Stepanowa sport türgenlerini we tälimçileri gizlin ýazgy edenden soň doping dawasy paş edildi. German telewizion dokumental filmi esasan Stepanowyň subutnamalaryna salgylanyp, bu barada habar berdi.  

Bu ýagdaý beýleki bir duýduryjy, Moskwanyň dopinge garşy barlaghanasynyň öňki başlygy Grigoriý Rodçenkowyň ýardamy bilen Bütindünýä anti-doping agentliginiň (BADA) derňewine ýol açdy. Rodçenkow ýurtda, şol sanda 2014-nji ýylda geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda döwlet hemaýatynda amala aşyrylan doping tejribeleri barada maglumatlary paş etdi.

Munuň netijesinde Russiýanyň ýeňil atletikaçylaryna 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak gadagan edildi.

Şu aýyň başlarynda, Sport boýunça Arbitraž kazyýeti russiýaly türgenleriň döwlet baýdagy astynda iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň öňüni baglaýan sport gadaganlyklaryny goldady, ýöne gadaganlygyň dört ýyl möhletini iki ýyla düşürdi.

Bu gadagançylyga laýyklykda öňümizdäki iki ýylyň dowamynda geçiriljek islendik iri sport çäresinde Russiýa döwlet baýdagyny we döwlet senasyny ulanmaga rugsat berilmeýär.

Eger-de türgenler özleriniň dopinge dahylynyň ýokdugyny subut etseler, onda olar bitarap baýdak astynda bäsleşip bilerler. Olar rus reňkleri bolan uniformalary geýip bilerler, ýöne formalarda rus baýdagy ýa-da islendik milli nyşan bolmaly däl.

Bu karar Russiýanyň wagty yza süýşürilen Tokio 2020 oýunlaryna we Pekin 2022 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna täsir eder.

Stepanow jezanyň möhleti azaldylmadyk bolsa, gowy bolardy diýdi, ýöne munuň dogry karardygyna umyt bildirdi. “Hemmeler, şol sanda russiýaly türgenler bu karara kaýyl bolmaly” diýip, ol belledi.

Stepanow Bütindünýä anti-doping agentliginiň hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň öňkülerden has köp iş edýändigini, we olaryň bu işleri aşa ýumşak çemeleşmeler barada özlerine gönükdirilýän dürli tankytlara garamazdan ýerine ýetirýändiklerini aýtdy. Ýöne ol Russiýanyň doping howasynyň üýtgemegine bolan umydynyň azdygyny aýtdy.

“Rus hökümeti Olimpiýa hereketini aldamak we ýaşyrynlyklara dowam etmek bilen kömek etmeýär. Bu ýerde esasy günäkär şolar” diýip, Stepanow aýtdy.

Ýulýa Stepanowa türgenleşik üçin Halkara Olimpiýa komitetinden maliýe ýardamyny alýar, Stepanow bolsa guramada geňeşdar bolup işleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Главархив Москвы открыл онлайн-выставку к 500-летию Новодевичьего монастыря

В престижном конноспортивном клубе Emerald Stables под Москвой состоится Национальный турнир по конкуру

Аналитики выявили самые «душистые» регионы России

Синоптик Леус: 31 мая стал самым теплым днем с начала года

Музыкальные новости

Команда Центрального округа Росгвардии стала призером на чемпионате по пожарно-спасательному спорту в Москве (видео)

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Чемпионская ночь! В Оренбурге «Кама» в рамках командного боксерского турнира «Кубок Победы» разгромила «Сталинград» – 5:0

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

Новости России

Скидки в магазинах и драка на пляже: советы ярославцам про отдых в Турции

В Луховицах специалисты потушили лесной пожар

В Химках создадут ситуационный центр контроля системы уличного освещения

Гроза Geely Monjaro пользуется огромным спросом. Выпущено более 20 000 самых доступных автомобилей Li Auto

Экология в России и мире

Я думала, мы умрем: американка переехала в Великобританию и столкнулась с левосторонним движением, праворульными машинами и механической коробкой передач

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Любимый россиянами курорт с белоснежными пляжами готовится запустить прямые рейсы в Россию, чтобы снизить цены на туры

Спорт в России и мире

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Рыбакина, Путинцева и Бублик стартуют на Ролан Гаррос. Кто в соперниках и чего ждать?

Лишь две теннисистки моложе Свёнтек выигрывали 16 матчей подряд на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

В Нижнем Тагиле будут судить бандитов, расстрелявших главаря конкурирующей ОПГ

В Челябинской области трансгендеру вынесен приговор за поджог военкомата

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Завершен монтаж пролетного строения моста через Волгу на обходе Твери







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *