Türkmenistan täze ýyl hepdesinde 33,6 million dollarlyk pagta ýüplügini satdy
Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda ýurtda öndürilen pagta ýüplügini daşary ýurtlara satmak boýunça baglaşylan şertnamalaryň bahasy 33 million 693 müň ABŞ dollaryndan geçipdir.
Bu barada habar berýän Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, pagta ýüplügini Türkiýe we Azerbaýjan daşary ýurt walýutasyna satyn alypdyr.
2020-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi 19 sany söwda şertnamasy baglaşylypdyr.
Şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa we Owganystan ýaly ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we awiasiýa kerosini satyn alypdyr.
Üstesine, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gazagystandan gelen telekeçiler pagta ýüplügini manada hem satyn alypdyr. Bu 12 million manatdan gowrak bolupdyr.