Türkmen DIM-niň başlygy owgan prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Reşit Meredow 8-nji ýanwarda Owganystana iki günlük iş saparyna baryp, paýtagt Kabulda Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy.
TDH bir gün öň ýurduň baş diplomatynyň goňşy ýurtda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşjakdygyny habar berdi.
Resmi maglumata görä, Meredowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň agzalary Kabulda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmelere gatnaşar.
Saparyň çäklerinde Owganystanyň daşary işler ministri Hanif Atmar, Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, OYR-nyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi, Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň Baş direktory Ýamma Şams, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika holdinginiň Baş ýerine ýetiriji direktory Ahmad Daud Nurzaý bilen duşuşyk geçirildi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
Söhbetdeşlikleriň çäklerinde iki goňşy ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň giň toplumyna seredildi, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi babatynda pikir alyşyldy diýip, habarda bellenýär.
Azatlygyň Owganystandaky habarçysy R. Meredowyň şu gün, 9-njy ýanwarda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşandygyny habar berdi.