Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezidentiň portretlerini we "ýylyň şygarlaryny" çalyşmak üçin edara-kärhanalardan pul ýygnalýar

Prezidentiň portretlerini we

Şu günler Farap etrabynda döwlet we hususy eýeçilikdäki edara kärhanalardan, şol sanda bilim-saglyk pudagynyň işgärlerinden hem-de harbylardan 2021-nji ýylyň nyşanyny we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze portretlerini satyn almak üçin 50 manatdan pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanda her ýyly täze şygar bilen garşylamak däl boldy. 2021-nji ýyl ýurtda prezident Berdimuhamedowyň teklibi bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atlandyryldy. Munuň bilen birlikde, resmi maglumatlara görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi boýunça bu ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atlandyrmak barada Kararnama kabul etdi. Bu kararyň türkmen halkynyň gündelik durmuşyna etjek oňyn täsiri nämälim galýar.

Şeýle-de, häkimiýetler Farapda önüm öndürijilerden täze ýylyň nyşanynyň ýurtda öndürilýän önümleriň gabyna ýerleşdirilmegini talap edýär.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Farap etrabynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 6-njy mekdeplerinde täze ýylyň şygary ýazylan nyşanlar hem-de prezidentiň täze portretleri ähli synp otaglaryna eýýäm asyldy.

“Medisina nokatlary hem duşenbe gününden gijä galman täze nyşany we prezidentiň portretlerini satyn almaga borçly edildi” diýip, bir medisina işgäri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Farabyň býujet işgärleri her ýyl täze ýylyň şygary ýazylan nyşanlary hem-de prezidentiň “kebşirlenen” täze portretlerini satyn almagyň özlerine agram salýandygyny aýdýarlar.

“Bu talaplar az mukdarda aýlyk alýan býujetçilere kyn bolýar” diýip, bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Etrap mugallymlary prezident portretleriniň gapdalyndan goşmaça edilýän talaplar barada maglumat berdiler.

Farap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň bir mugallymynyň sözlerine görä, mekdepde her portret çalşylanda 3x2 metr ölçegde türkmen diwar halysy satyn alynýar.

“Köne halylary direktorlar öýlerine äkidip düşeýär” diýip, habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan faraply mugallym aýtdy.

“Köne portretler zir-zibile, halylar ýolbaşçylaryň öýlerine gidýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanda geçen 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly atlandyryldy. Täze şygaryň kabul edilmeginiň yzýany, ýurt boýunça şol bir talaplar – täze şygaryň nyşanyny hem-de prezident portretlerini çalyşmak işleri ýola goýuldy.

Şol bir wagtyň özünde, ýerli önüm öndürijiler öndürýän önümleriniň gabyna ýylyň nyşanyny ýerleşdirdiler.

Galyberse-de, Türkmenistanda dürli maksatlar üçin, şol sanda pagta ýygymy, gowaça çürtümi, welosiped satyn almak, tebigaty goramak ýaly maksatlar üçin dilden görkezme esasynda býujet işgärlerinden yzygiderli pul ýygnalýar.

Bu aralykda, ýurduň resmi media serişdelerinde, şol sanda gazet-žurnallarda we telewizion kanallarda täze ýylyň nyşany yzygiderli okyjylaryň we tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilýär. Nyşana ýer şary bilen ak kepderi ýerleşdirilipdir. Ýer şarynyň ýüzünde Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklary, olaryň arasynda derek agajyna çalym edýän bir agaç, baýdaklaryň ýokarsynda Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilipdir. Kepderi parahatçylygyň simwoly, ýöne nyşanyň beýleki bezegleri we olaryň aňladýan hakyky manylary barada giňişleýin maglumat berilmeýär.

Täze ýylyň öňýany döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow bu ýylyň “parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly yglan edilendigini bellemek bilen bir hatarda, 2021-nji ýylyň gündogar müçenamasyna görä, sygyr ýylydygyny, onuň bolsa türkmeniň eý görýän malynyň biridigini, sygyr ýylynyň bereketli ýyl hasaplanýandygyny aýdyp, halka umyt berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Александр Голобородько: "Семь футов под килем и чистого неба над головой!"

В МХТ имени Чехова наградили лауреатов II конкурса короткометражного кино

Россия мировой лидер по количеству генералов, а управление войсками хромает. Раскрываю главный секрет армии России

17 и 18 августа 2024 года в городе Мончегорск Мурманской области состоится VI фестиваль северной культуры «Имандра Викинг Фест».

Музыкальные новости

На телеканале «Культура» рассказали о предстоящей премьере оперы «Борис Годунов»

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

В Городце открылись виртуальный концертный зал в ДК «Северный» и Музей детства

Собянин объявил о начале работы хаба молодежного предпринимательства

Новости России

ЧВК не ОПС // Военный суд оправдал енотов

СК: мужчину убили ударом ножом в сердце в парке на востоке Москвы

Мужчина устроил стрельбу по людям в Бибирево: что известно

Россия мировой лидер по количеству генералов, а управление войсками хромает. Раскрываю главный секрет армии России

Экология в России и мире

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Российский лоукостер запустил рейсы в Анталию из Махачкалы

Befree запускает сайт для поиска талантов

Гинеколог, ведущий специалист многофункциональный клиники KindCare в Дубае Сураё Назарова: как выявить проблемы на ранних стадиях

Спорт в России и мире

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

RooX UIDM защитит от перехвата токенов

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *