Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

TDH türkmen pagtasynyň ýene manada satylandygyny aýdýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu hepde takmynan 15 million manatlyk pagta ýüplügi satyldy.


Bu gezek manat töläp, türkmen pagtasyny alanlar Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan we Gazagystandan gelen täjirler boldy. Bu üç ýurduň we Pakistanyň täjirleri 2020-nji ýylyň aýagynda bolan birža söwdasynda hem 12 million manatlyk pagta ýüplügini satyn alypdy.


TDH pagta ýüplügine bolan talabyň ýylboýy dowam edýändigini belleýär. Döwlet habar gullugy 3-nji ýanwardaky geleşiklerde daşary ýurt walýutasynda satylan süýüme ABŞ dollarynda 33 million 693 müňden gowrak serişde tölenendigini, alyjylaryň Türkiýe we Azerbaýjan bolandygyny habar berdi.


Şol gün ýokarda agzalan üç ýurt we Pakistan 12 million manatdan gowrak pul töläp, ýerli pula hem pagta ýüplügini satyn aldy.


Türkmen hökümetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň 2021-nji ýylda satyn aljak pagta süýümi barada käbir sanlary mälim etdi.


Onuň sözlerine görä, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlary hem nazara alynsa, ýurda jemi 145,5 müň tonnadan gowrak nah pagta süýümi, 8 500 tonna ýüpek pagta süýümi, 200 tonna gysga süýüm hem-de 200 tonna pagta übtügi zerur.


Türkmenistanyň ilkinji prezidenti ýogalmazyndan öň öz yglan eden “täze oba syýasatynyň” şowsuz bolandygyny, “ýeriň eýesiniň tapylmandygyny” we ýurtda gurlan egirme-dokma kärhanalaryna zerur bolan pagta hasylynyň hem ýetişdirilmeýändigini boýun aldy.


Synçylar we hünärmenler, berilýän wadalara garamazdan, netijesiz “täze oba syýasatynyň” häzir hem dowam etdirilýändigini, bu praktika netijesinde oba adamlarynyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini aýdýarlar.


Emma häkimiýetler her ýyl býujet edaralarynyň işgärlerinden ýygnalýan pullar, esgerleriň we ilatyň aşa garyp gatlagynyň ulanylmagynda ýygylýan pagta barada aýdylýanlara gulak gabartman, uly hasylyň ýygnalandygyny habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *