Pompeo Hytaýyň Şinjiangda ‘genosid’ amala aşyrýandygyny aýtdy
ABŞ-nyň wezipe möhleti tamamlanýan döwlet sekretary Maýk Pompeo Hytaýyň ýurduň günbatarynda aglaba etniki uýgurlaryň we beýleki musulman azlyk toparlarynyň ýaşaýan Şinjiang sebitinde “genosid we adamzada garşy jenaýat” amala aşyrýandygyny aýtdy.
“Men genosidiň dowam etdirilýändigine ynanýaryn. Biz Hytaýyň kommunistik partiýasynyň görkezmesi we gözegçiligi esasynda uýgurlary ýok etmek boýunça sistematiki synanyşyga şaýat bolýarys” diýip, Pompeo 19-njy ýanwarda, saýlanan-prezident Jo Baýdeniň innagurasiýasyndan bir gün öň çykyş etdi.
Hytaý halkara jemgyýetçiliginiň Pekiniň Şingiandaky syýasaty baradaky barha ýokarlanýan tankytlaryny ret edýär.
Baýdeniň döwlet sekretary wezipesine hödürleýän dalaşgäri Antoni Blinken 19-njy ýanwarda Senatda kandidaturasyny tassyklamak boýunça geçirilen diňlenişikde genosid alamatlandyrmasy bilen ylalaşýandygyny aýtdy.
Baýdeniň kampaniýasy Uýgurlara çemeleşilişini genosid atlandyrdy.
BMG takmynan 1 million etniki uýguryň we musulman azlyklaryna degişli ýerli ilatyň Sinjianda içerki lagerlerde saklanandygyny aýtdy.