Türkiýe we Azerbaýjan Ermenistanyň serhediniň golaýynda harby türgenleşik geçirýärler
Türkiýe bilen Azerbaýjan gündogar Anadolyda, Ermenistanyň serhetleriniň golaýynda bilelikdäki giň gerimli harby türgenleşiklere başladylar.
Gyşky harby türgenleşikler 1-12-nji fewral aralygynda Kars şäheriniň golaýynda geçiriler.
Türkiýäniň Goranmak ministrligi türgenleşikleriň gyş möwsüminde söweş utgaşmasyny we mümkinçiliklerini kepillendirmäge gönükdirilendigini aýtdy.
30-njy ýanwarda Daglyk-Garabag sebitinde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý edilişine gözegçilik etjek Türkiýäniň we Russiýanyň bilelikdäki gözegçilik merkezi esaslandyryldy. Munuň bilen, Ankara Günorta Kawkaz sebitinde özüniň täsirini güýçlendirdi.
Russiýanyň araçylyk etmeginde 9-njy noýabrda gol çekilen ylalaşyk esasynda Ermenistan üç onýyllyga golaý wagt bäri Ýerewanyň gözegçiliginde bolan Daglyk-Garabag sebitiniň üç etrabyny - Agdamy, Kalbaçary we Laçyny yzyna tabşyrmaga razy boldy.
Bu ylalaşyk Daglyk-Garabagda we onuň töwereginde harby hereketleri togtatdy. Alty hepde dowam eden çaknyşyklarda 4 müň 700 töweregi adam heläk boldy.