Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistanda ýene bir türk kino tapgyry ekrandan aýryldy. Gadaganlyk prezidentiň selektor maslahatyndan soň ýüze çykdy

Özbegistanda ýene bir türk kino tapgyry ekrandan aýryldy. Gadaganlyk prezidentiň selektor maslahatyndan soň ýüze çykdy

«Sevimli TV» telekanaly eýýäm ýarym ýyl bäri gidip duran türk kino tapgyry «Ganatsyz guşlar» (“Kanatsız Kuşlar”) filmini ekrandan aýyrdy. Kanalyň ýolbaşçylary bu ýagdaýy «ýaýlym tertibindäki üýtgeşmeler» bilen düşündirdiler.

19-njy ýanwarda geçen selektor maslahatynda, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew käbir telekanallaryň ýaýlym ulgamlarynda daşary ýurt filmleriniň we teleseriallarynyň has agdyklyk edýändigini tankytlady. Maslahatda "ruhy we terbiýeçilik ulgamyny düýpgöter kämilleşdirmek üçin, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň bu ugurdaky gatnaşygyny güýçlendirmegiň" zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Sevimli TV» telekanalynyň işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şol tankytdan soň, kanal öz ýaýlymyny düýpli üýtgedip, daşary ýurtly tele tapgyrlaryň ornuna milli tele önümleri berip başlapdyrlar. Şeýlelikde, 29-njy ýanwardan soň «Sevimli TV» «Ganatsyz guşlar» (“Kanatsız kuşlar”) türk teleserialyny görkezmegi bes etdi.

 

Ol tapgyr 2019-njy ýylyň iýunyndan bäri görkezilýärdi. Geçen bir ýarym ýylyň dowamynda özbek telewideniýesi ondan 91 tapgyry görkezdi.

Instagram’da teletomaşaçylaryň köpüsi bu karardan nägileligini bildirdiler. “Ahyryna çenli gaty az wagt galan bu serialyň duýdansyz kesilmegi bizi lapykeç etdi. Ejem-kakam bu filmiň başlanýan wagtyny bilýärdiler. Telewizoryň öňünde oturyp, onuň başlanmagyna sabyrsyz garaşýardylar. Garry adamlara hormat goýulman, olara serialy ahyryna çenli görmäge mümkinçilik bermediler” diýip, biri ýazýar. Beýleki biri "Stambuldan gelinlik" teleserialy babatynda-da şonuň ýaly ýagdaýyň bolandygyny ýazýar.

«Sevimli TV» telekanalynyň wekili Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde ýaýlymyň tertibiniň üýtgändigini mälim etdi.

– Indiden beýläk teleýaýlymymyz özbek teleseriallaryna has köp ýer berer. Şonuň üçin "Ganatsyz guşlara" efirde ýeterlik ýer bolmaz. Elbetde, tomaşaçylar bu filmi Internetden görüp bilerler. Döwlet maslahatyndan soň bize şeýle seriallary efirden aýyrmagy, ýerine öz mentalitetimize laýyk filmleri görkezmegi tabşyrdylar. Indi bizde mähelläniň jemgyýetdäki orny barada gürrüň berýän 30 bölümli "Ene toprak" bar. Mundan başga-da, ýene üç özbek teleserialy taýýar bolmagyň öň ýanynda, olar basym efire çykarlar – diýip, adynyň tutulmazlygyny haýyş eden wekil aýtdy.

Türkiýäniň "Koliba Film" studiýasy tarapyndan öndürilen "Ganatsyz guşlar" kino tapgyrynda, ýaş wagtynda kakasyny ýitiren dört gyz doganyň dartgynly durmuşy beýan edilýär. Ýaş hem owadan ene gyzlaryny ýetişdirmek üçin, köp kynçylyklary başdan geçirýär. “Ganatsyz guşlar” türk “ATV” kanalynda efire berildi we iň köp tomaşa edilýän seriallaryň birine öwrüldi.

 

Türk teleseriallaryna gadaganlyk Mirziýaýewiň hökümet başyna gelmezinden ozal hem dowam edipdi. Dört ýyllyk arakesmeden soň özbek teleýaýlymlarynda türk teleseriallary ýene gadaganlyga düşdi. Öňdebaryjy türk teleseriallaryny ýokary hilli we mazmunly özbek teleserialy bilen çalyşmak baradaky buýrugyň “ýokardan” berlendigi barada, Instagram’da ýazgy bar.

Käbir dini ýolbaşçylaryň nägileligi

Mundan ozal Özbegistanda käbir dini liderler türk teleseriallarynyň görkezilmegine garşy çykyş edipdi.

«Aýal-gyzlar türk teleseriallaryndan görmegeý ýigitleri göz öňüne getirýärler. Sosial ulgamlara giriň, gyzlarymyzyň ýazýan teswirleri köp: "Bu gün men ol aktýory düýşümde gördüm". Maşgalaly aýallar türk aktýorlarynyň suratlaryna guwanýarlar. Şeýle ýagdaýlarda näme bolýar? Bu "gök" çagalaryň döremegine sebäp bolýar. Sebäbi adamsy bilen ýakynlaşan aýal öz aňynda nätanyş adamy göz öňüne getirýär. Erkekler hakda-da şeýle diýmek bolar. Netijede, lezbiýan gyzlar dünýä inýär» diýip, Daşkentdäki Mirza Yusuf metjidiniň ymam-hatyby Rahmatulloh Saýfutdinow 2018-nji ýylyň 2-nji martynda juma güni eden wagzynda aýtdy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda «Sevimli TV» kanalynda görkezilen «Güneşiň gyzlary» (“Güneşin Kızları”) türk teleserialynda şortikli gyzjagazyň aýaklary bulaşyk görkezildi. Bu ýagdaý özbek segmentinde diskussiýalara sebäp boldy. Soňra teleýaýlymyň redaktorlary serialyň aç-açan geýnen gahrymanlarynyň käbir bölekleriniň ýörite bulaşdyrylanyny boýun aldylar.

Häzirki wagtda özbek teletomaşaçylary beýleki internet kanallarynda «Osmanyň gurluşy» (“Kuruluş osman”) atly başga bir türk teleserialyny görmäge mejbur bolýarlar.

 

Meşhur özbek aktýory Maruf Atajanow bu taryhy serialda mongol imperatory Geýhatu hanyň roluny ýerine ýetirýär.

Türk teleseriallaryny gadagan etmek

Türk teleseriallarynyň özbek teleýaýlymlarynyň efirinden ilkinji gezek aýrylmaýandygyny bellemek gerek. Taryhy temadan gürrüň berýän «Abdulhamidiň tagtyna hukuk» (“Payitaht Abdulhamid”) kino tolumy geçen tomus ekrandan aýrylanda, tomaşaçylarda närazylyk döredipdi.

Ondan öň "ýokardan gelen görkezme" esasynda, «Sevimli TV» türk kino toplumy «Çukur» (“Cukur”) filmini görkezmegi gadagan edipdi. Zorluk sahnalarynyň köplügi sebäpli bu serialyň efirden çykarylandygy habar berildi.

2019-njy ýylda «ZO’R TV» türk serialy «Gara söýgi» (“Kara Sevda”) toplumyny ekrandan aýyrdy. Görkeziş ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda premýer-ministr Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda togtadyldy. Ikinji gezek bu serialyň görkezilişiniň bes edilmegi özbek hökümetiniň ýolbaşçylarynyň nägileligi bilen baglanyşykly boldy.

2018-nji ýylda «ZO’R TV» «Howly» (“Avlu”) atly başga bir teleserialy ekrandan aýyrdy. Tankytçylar bu filmiň hem yslamyň ahlak kadalaryny bozýandygyny aýtdylar.

Geçen ýyllarda türk teleseriallaryna girizilen gadaganlyk prezident Yslam Kerimowyň döwründe Özbegistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynly gatnaşyklar bilen baglanyşykly bolupdy. Türkiýe bilen ýakyn syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmak meselesiniň, daşary ýurtlaryň, esasanam türk filmleriniň görkezilmegini gadagan etmäge synanyşygyň aňyrsynda, prezident Mirziýaýewiň administrasiýasynyň syýasy matlaplarynyň bar ýa-da ýokdugy mälim däl.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

33 года успеха – красноярское предприятие холдинга «Швабе» отмечает день рождения

Щелковские волонтеры присоединились к акции «Бегущая книга»

Ликсутов сообщил о включении в абонемент поездок на речном транспорте

По стандартам реновации. Западном Дегунине построят пять жилых домов

Музыкальные новости

Футбольный фестиваль «ЦСКА — все сюда!» пройдет в Домодедове

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Генералов много, а Норат Тер-Григорьянц один!

Новый монитор Philips Evnia 49M2C8900L подарит игровой опыт высочайшего уровня

Новости России

Собянин рассказал о выставке к 40-летию музея-заповедника "Царицыно"

Благоустройство началось вблизи стадиона «Старт» в Ногинске

Shot: блогер Милохин решил вернуться в Москву летом

SITRAK с разнопрофильными транспортными средствами принял участие в выставке СТТ-2024

Экология в России и мире

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Глава Реутова проверил содержание территории города

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Спорт в России и мире

Касаткина о романе Синнера и Калинской: рада, больше ничего не хочу говорить

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

Андреева назвала важнейшей в карьере победу над Азаренко на "Ролан Гаррос-2024"

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Moscow.media

Доступный, летний, твой – StarLine A60 BT GSM ECO

Удаленная настройка охранных комплексов StarLine

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

"ДиМ" строит участок 5 трассы СБВ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *