Birmada ýene müňlerçe adam agdarylyşyga garşy protest bildirdi
7-nji fewralda Birmada on müňlerçe adam ýygnanyp, golaýda bolan döwlet agdarylyşygyny ýazgardy we saýlanan lider Aung San Su Çiniň boşadylmagyny talap etdi.
Bu 2007-nji ýylda demokratiýa geçilmegine kömek eden Safron rewolýusiýasyndan bäri geçirilen iň uly demonstrasiýa boldy.
Harby hunta garşy giň ýaýran protestleriň ikinji gününde, ýurduň iň uly şäheri Ýangonda toplanan mähelle, Suu Çiniň partiýasynyň, Demokratiýa ugrundaky milli liganyň reňkini görkezýän gyzyl köýnek geýdi, gyzyl baýdak we gyzyl şar göterdi.
Olar: “Biz harby diktatorlygy islemeýäris! Biz demokratiýa isleýäris! " diýip gygyrdylar.
Mýanma diýlip hem atlandyrylýan Birmadaky harby güýçler 1-nji fewralda irden häkimiýeti ele geçirip, kynçylykly demokratik geçişini birden togtatdy we halkara gahar-gazabyna sebäp boldy.
Habarlarda 7-nji fewralda geçirilen ýörişleriň bir gün öň, agdarylyşyga garşy geçirilen ilkinji köpçülikleýin nägilelik ýörişine garanda has uly bolandygy aýdylýar.
Huntanyň asudalygy kepillendirmek üçin interneti petiklemegi buýrandygyna garamazdan, agdarylyşyga garşy bolup köçä çykan on müňlerçe adam protest bildirýär.