Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident ogly Serdar Berdimuhamedowy özüne orunbasar belledi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda ogly Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belledi. Şeýle-de, prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna-da bellenildi. Bu barada döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi habar berýär.


Prezident Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýygnagyň başynda prezident Ministrler Kabinetinde özüniň täze orunbasar wezipesini döretmek kararyna gelendigini yglan etdi.




Täze wise-premýer “döwlet we jemgyýetçilik gurluşyna, bilim hem saglygy goraýyşa, maliýe-ykdysady ulgamlara, önümçiligiň ähli pudaklaryna hem-de jemgyýetiň durmuşyna sanly ulgamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna” gözegçilik eder diýip, prezident aýtdy.


Ol täze wezipäniň “döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen” döredilýändigini aýtdy.


Mejlisde eden çykyşynda kiçi Berdimuhamedow özüne bildirilen ynam üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.


“Men size alyp barjak jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!” diýip, prezident täze wise-premýere rowaçlyk arzuw etdi.


Hökümet başlygynyň orunbasary bolmak bilen bir hatarda Serdar Berdimuhamedow, prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasyna başlyklyk eder, şol bir wagtyň özünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolar.




Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasyna başlyklyk wezipesine belleniljekdigi barada şu hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi, ýöne şonda bu maglumaty tassyklatmak başartmady. Onuň bu wezipä belleniljekdigi barada prezidentiň gorag gullugynyň bir işgäri habarçymyza maglumat berdi.


Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanda täze döredilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine ýolbaşçy wezipesine bellenildi. Prezidentiň anna güni gol çeken karary bilen ol bu wezipesinden boşadyldy.


Has ozal, prezidentiň ogly dürli döwürlerde Ahal welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçylyk komitetiniň başlygy, şeýle-de daşary işleri ministriniň orunbasary wezipelerinde işledi. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Mejlisiň deputatlygyna saýlanypdy.


Geçen sentýabrda 39 ýaşyny dolduran Serdar Berdimuhamedowyň resmi terjimehalyna görä, ol 2008 – 2011-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň Daşary işleri ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda halkara gatnaşyklar ugry boýunça bilim aldy, munuň yzýany, 2011 – 2013-nji ýyllar aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde halkara howpsuzlyk ugrundan ýokary bilim aldy.


Analitiklere görä, prezidentiň oglunyň ýokary wezipelere bellenilmegi häkimiýeti geçirmek ssenariýasynyň bir bölegi bolup durýar.


2018-nji ýylda Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna hem-de GDA ýurtlarynyň ministrler ýygnagyna gatnaşdy.​


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *