Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda ýene zyýanly galyndylaryň howa syzdyrylýandygy mälim boldy

Ýyladyşhana gazlarynyň galyndylaryny anyklamaga ukyply hemra fewral aýynda Türkmenistanda metan syzmasynyň sekiz çeşmesini tapdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berýär.


Kanadanyň howa goýberilýän zyýanly galyndylary hasaba alýan GHGSat Inc. kompaniýasynyň başlygy Stefan Germainiň tassyklamagyna görä, bu ýerde sagatda jemi 10 müň kg çenli metan atmosfera zyňylýar. Ol bu zyýanly galyndylaryň şonça wagtda 250 müň awtoulagyň howa goýberýän  gazyna deňdigini aýtdy.


1-nji fewralda birnäçe sagatlap dowam eden ilkinji syzmalar ýüze çykaryldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Neşir Türkmenistanda ýyladyşhana gazlarynyň uly syzmalarynyň ilkinji gezek ýüze çykarylmaýandygyny belleýär.


2019-njy ýylyň noýabr aýynda bu kompaniýa Korpeje nebit we gaz ýatagyndan syzýan metan zyňyndylaryny hasaba aldy.


Kompaniýanyň wekilleri zyýanly galyndylaryň “Galkynyş” ýatagyndan syzýandygyny aýtdylar, ýöne "türkmen häkimiýetleriniň ýagdaýy düzetmeklerine mümkinçilik bermek" üçin takyk koordinatlary aýtmakdan ýüz öwürdiler.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *